Bilimli nesil — kuwwatly Watan
05.02.2021
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda bilim ulgamynda bellenilmäge mynasyp işler alnyp barylýar. Okuwçylaryň döwrebap bilim almagy, giň dünýägaraýyşly bolmagy üçin ähli tagallalar edilýär.
Mugallymlar okuwçylaryň her bir geçilýän sapagy doly özleşdirmegi üçin irginsiz zähmet çekýärler. Bilim bermekde ussat mugallymlaryň biri hem Türkmengala etrabyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 1-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy, ilkinji ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy Şeker Pirnepesowadyr. Şeker mugallym okuwçylara hormatly Prezidentimiziň sowgat beren kompýuterlerinden peýdalanmagy öwredýär. Şeýle hem geçýän sapagynyň täsirliligini gazanmak maksady bilen, dürli görkezme esbaplaryny ulanýar.
SURATDA: Şeker mugallymyň sapak geçip duran pursaty.
Surata düşüren Azym ŞEKEROW.