Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Oba hojalygy: bol hasylyň aladasy

06.04.2022

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalyk ulgamynda birnäçe işler alnyp barylýar. Şu günler ekin meýdanlarynda gök maýsalaryň ygşyldaşyp oturanyny synlanyňda, daýhanlaryň yhlasly zähmetini görmek bolýar. Şeýle edermen kärendeçileriň hatarynda Wekilbazar etrabynyň “Goňur” daýhan birleşiginiň ekerançylary Parahat, Arslan Kakajanowlaryň atlaryny agzamak bolar.
Olar 6,3 gektar kärende ýerinden ýylyň-ýylyna gezekleşdirip, bugdaýdyr pagtanyň bereketli hasylyny öndürip, Watan harmynyna öz goşantlaryny goşýarlar. Göreldeli daýhanlar şu günler bugdaýyň bol hasylyny almak ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Olaryň ýetişdirýän ýaşajyk maýsalary atyzlara görk berip, gözüňi dokundyrýar. Kärendeçiler Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda-da bugdaýyň bol hasylyny almagy maksat edinýärler.

SURATDA: Parahat, Arslan Kakajanowlar ýaşyl maýsaly meýdanda.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.