Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Tohumyňyz müňlesin, edermen pagtaçylar!

01.04.2022

Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynyň bahar paslynyň gelmegi bilen welaýatymyzyň edermen kärendeçi daýhanlary, ýer eýeleri 2022-nji ýylyň 23-nji martynda täze hasylyň düýbüni tutmak işine irgözinden girişdiler.
Hormatly Arkadagymyzyň ak patasyndan ruhlanylyp, welaýatymyzda gowaça ekişine guramaçylykly girişmäge bagyşlanyp, welaýat häkimliginde maslahat geçirildi. Bu maslahata welaýat häkimliginiň jogapkär işgärleri, etrap häkimleri we olaryň orunbasarlary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň, obasenagat toplumyna degişli edara-kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, daýhan birleşikleriniň başlyklary, agronomlar, ýer eýeleri, kärendeçiler, il sylagly ýaşulular gatnaşdylar.
Welaýat häkimliginde geçen maslahaty welaýatyň häkimi Döwranberdi Annaberdiýew açdy we alyp bardy. Welaýatyň häkimi gowaça ekişine girişmäge babadaýhanlarymyza Gahryman Arkadagymyzyň ak pata berendigini nygtap, öňde möhüm guramaçylyk meseleleriniň durýandygyny aýdyp geçdi. Ekiş geçiriljek ýerleriň, tehnikanyň, ýokary hil derejeli tohumlyk çigidiň taýýardygyny, gowaça ekişini gysga möhletlerde ýokary hilli geçirmäge mümkinçilikleriň döredilendigini belläp geçdi.
Soňra tejribe maslahatynda welaýat häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradow, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy Duşak Annagulyýew, TKA-nyň Murgap etrap birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Gurbanmyrat Muhammetorazow, “Marypagta” önümçilik birleşiginiň pagta taýýarlamak we gaýtadan işlemek bölüminiň başlygy Amanberdi Hommadow, Wekilbazar etrabynyň Atabaýew adyndaky daýhan birleşiginiň başlygy Meretdurdy Amanow, Baýramaly etrabynyň “Bereket” daýhan birleşiginiň kärendeçisi Suwhanmyrat Myradow çykyş edip, gowaça ekişi möwsüminde kärendeçileriň, ýer eýeleriniň, mehanizatorlaryň öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin gerek bolan ähli mümkinçilikleriň döredilendigini nygtadylar. Ylmyň soňky gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmakda, tehnikalardan netijeli peýdalanmakda, dökünleri, himiki serişdeleri dogry ulanmakda we möwsümde alnyp barylmaly derwaýys işler barada aýdylyp geçildi.
Gowaça ekişine doly taýýarlanan Baýramaly etrabynyň “Täze ýol” daýhan birleşiginiň ekin meýdanyna ýygnanan märekäniň ruhy belent. Ekiş geçiriljek meýdanyň daş-töweregini gurşap duran tehnikalaryň göni hatary, oba hojalyk gurallarynyň dürli kysymly görnüşleri olaryň ekişe doly taýýardygyna güwä geçýär. Medeniýet we sungat işgärleriniň şowhunly aýdym-sazlary, bezelen sahnadaky şahyrana çykyşlar, hatar tutup oturan ak öýleriň ugrunda guralan pagta, pagtadan önýän önümleriň sergileri bu ýere gelenleriň ünsüni özüne çekdi.
Çäräniň dowamynda ýerleriň gowaça ekişine taýýarlanylyşy, tohumlyk çigitleriň görnüşleri dogrusynda “Marypagta” önümçilik birleşiginiň hünärmenleri gymmatly maslahatlary berdiler. Welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň hünärmenleri öz gezeginde tehnikanyň gowaça ekişine taýýarlanylyşy we ulanyşy barada gürrüň berdiler.
Dabaraly pursat gelip ýetdi. Welaýatymyzyň zähmetsöýer pagtaçylarynyň Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynyň bereketli hasyly üçin 165 müň gektar ýere gowaça ekmek ugrundaky asylly işiniň başy başlanyldy.
Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen il hormatly ýaşulularymyz ýagşy umyt-arzuwlar bilen topraga bereket tohumyny sepdiler. “Ýylymyz rysgally bolsun, berekete beslensin!” diýen dilegler bilen gowaça ekiji tehnikalar herekete girizildi. Tohumyňyz müňlesin, ýylyňyz rowaç bolsun, hormatly babadaýhanlar!

Sähet HOJAGELDIÝEW.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: welaýatymyzda gowaça ekişine girişilmeginden pursat.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.