Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

01.04.2022

Ajaýyp zähmet üstünlikleri bilen tanalýan görnükli bilim işgärleri we ussat mugallymlar bilen tanyşmak örän ýakymly. Welaýatymyzda ýapon dilini mekdep okuwçylaryna öwretmekde yhlasly zähmet çekýän ussat mugallymlaryň biri-de Tuwak Annakulyýewadyr. Onuň ýaş neslimize dil öwretmekde, olaryň ýokary hünärmenler bolup ýetişmeginde bitiren hyzmatlary sanardan köpdür. Ol indi 38 ýyl bäri bilim ulgamynda işleýär. Häzirki wagtda ol şäherdäki 23-nji orta mekdepde müdir bolup zähmet çekýär.
Golaýda biz bütin ömrüni mugallymçylyk hünärine bagyş eden bu tejribeli mugallym Tuwak Annakulyýewa bilen duşuşdyk. Şonda biz, oňa okyjylarymyzy gyzyklandyrýan birnäçe soraglar bilen ýüz tutduk.
— Tuwak mugallym, nesil terbiýesiniň gözbaşy nämeden başlanýar diýip hasaplaýarsyňyz? Bu barada öz pikiriňizi aýdaýsaňyz.
— Nesil terbiýesiniň gözbaşy Watana bolan söýgüden başlanýar. Watana söýgi iň beýik we kämil gymmatlyk hasaplanylýar. Şol gymmatlyk bolsa, Watanymyzyň geljegi bolan çagalaryň edep-terbiýeden, alýan göreldesinden gözbaş alyp gaýdýar. Şonuň üçinem çaga terbiýesi ähli döwürlerde-de, esasy mesele bolmagynda galýar. Edebi ägirtlerimiziň biri Döwletmämmet Azady çagalara diňe bir ders bermek bilen çäklenmän, eýsem, olara zähmet endiklerini hem öwredipdir. Ol adamkärçiligiň, ynsanperwerligiň, sylag-hormatly bolmagyň nusgasyny wagyz-nesihat edipdir.
— Mekdebiňiz haçan ýapon diline ýöriteleşdirildi?
— 2015-nji ýylda mekdebimiz ýapon diline ýöriteleşdirildi. Şu günki günde mekdepde 1731 okuwçy bilim alýar. Olaryň 849-sy ýapon dilini uly höwes bilen öwrenýär.
— Tuwak mugallym, mekdebi tamamlan okuwçylar daşary ýurt dilini suwara bilýärlermi we şonuň bilen birlikde olar şol döwletiň däp- -dessuryny hem öwrenýärlermi?
— Ýaşlaryň ene dili bilen bir hatarda ýapon dilini suwara bilmegi möhüm bolup durýar. Olaryň dünýä derejesinde bilim almagynyň döwrebap tehnologiýadan baş çykarýan hünärmenler bolup ýetişmeginiň möhüm şerti bolan daşary ýurt dillerini öwretmek iň esasy wezipämize öwrülendir. Ýylyň dowamynda diller boýunça hepdelikler geçirilýär. Okuwçylaryň bu ugurdan alan bilimleri barlanylýar. Mekdebimize ýylda iki gezek Ýaponiýa döwletinden gelýän hünärmenleriň ýagny, mugallymlaryň synagyndan geçýän okuwçylarymyzy Hormat hatlary, olaryň ene-atalaryny bolsa, Minnetdarlyk hatlary bilen sylaglaýarys. Okuwçylara ýapon diliniň öwredilmegi bilen bir hatarda olara şol ýurduň däp-dessurlary hem höwes bilen öwredilýär. Bu işde döwrebap enjamlaryň, kompýuterleriň ähmiýeti örän uly. Bu günki gün ýaşlarymyz dünýä dilini tiz özleşdirýärler we dostlukly halkyň dilinde erkin sözläp bilýärler. Bu bolsa biziň yhlasymyzyň ýerine düşdügi diýip hasaplaýaryn.
— Mekdepde ýapon dili boýunça tapawutlanyp işleýän mugallymlaryňyz bilen hem tanyş edäýseňiz!
— Bu babatda mugallymlar Arslan Akmyradowyň, Gurbangözel Ilamanowanyň, Aýjemal Gaýypowanyň atlaryny agzamak bolar. Olar beýleki mugallymlara hem görelde görkezýärler. Olaryň yhlasyna, Tutanýerliligine tüýs ýüregimden buýsanýaryn.
— Halypa mugallym, arzuwlaryňyzy beýan edäýseňiz.
— Bu günki gün ýaş neslimiz ene dilimizi we dünýä dillerini çuňňur öwrenýär we dünýä edebiýatyny özleşdirýär. Sanly bilim ulgamyny dünýä derejesinde ösdürmekde alnyp barylýan işler ýyl-ýyldan gerim alýar. Bize işjeň usulda işlemäge, ýaşlaryň döwrüň talabyna laýyk bilim almagyna oňaýly şertler döredilýär.
— Beren gürrüňiňiz üçin köp sag boluň, bilim-terbiýe bilen bilelikde ýaşlarymyzyň halkymyzyň milli medeniýetini, sungatyny, mirasyny öwrenmekde kämilleşdirmekde, olary dünýä halklaryna wagyz etmekde alyp barýan işleriňiz üstünliklere beslensin!

Söhbetdeş bolan Ogulşat BERKELIÝEWA.
“Maru — şahu jahan”.
Suratda: tejribeli mugallym Tuwak Çaryýewa kärdeşleri bilen.
Surata düşüren awtor.