Bilimli nesil — kuwwatly Watan
25.03.2022
Ata Watanymyzyň her bir bilim ojagynda ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe berlip, olaryň giň gözýetimli, sagdyn bedenli bolmaklary ugrunda birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Körpe nesle bilim-terbiýe berip, aň-düşünjesini ösdürmek çagalar bakja-bagynyň işgärleriniň borjy bolup durýar. Şeýle jogapkärli wezipelerden ugur alýan Baýramaly şäherindäki 11-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçileri körpeleri uly alada, mähir bilen gurşap alýarlar. Çagalar bakja-bagyna Dünýä Annaýewa ýolbaşçylyk edip, ol bu ýerde işiň talaba laýyk ýola goýulmagyny üns merkezinde saklaýar.
Mekdebe taýýarlaýyş toparyna Ogultäç Tokgaýewa gözegçilik edip, ol çagalaryň ak mekdebe taýýarlykly barmaklary ugrunda yhlasly zähmet çekýär. Ol çagalaryň sagdyn bedenli, giň dünýägaraýyşly bolmaklary ugrunda aladalanyp, körpeleriň talaba laýyk naharlanyp, oňat dynç almaklary üçin zähmetini gaýgyrman işleýär. Ogultäç mugallym suratly kitaplaryň, körpeleriň aňyna täsir edijilik ukyby bolan oýunjaklardyr görkezme esbaplaryň üsti bilen sapaklaryny gyzykly alyp barýar. Ata-eneler çagalarynyň döwrebap terbiýe alýandygy üçin terbiýeçilere minnetdarlyk bildirýärler.
Akmaýa HOJANYÝAZOWA.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: terbiýeçi Ogultäç Tokgaýewa körpeler bilen sapak wagtynda.
Surata düşüren Çary NURMYRADOW.