Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň 70 ýyllygyna
23.03.2022
Bu beýik ynsanyň mahmal sesinden lezzet alyp görmedik ýokdur. Ol öz ýoly, öz aýratynlygy bilen tanalýan aýdymçy. Atageldi aga diýlende, ähli babatda — sowatlylykda-da, zehinlilikde-de, adamkärçilikde-de, daşky, içki gözellikde-de gaýtalanmajak keşp göz öňüňe gelýär. Men-ä beýle zehinli adamlar bize Hakdan berlen peşgeşmikä diýýärin.
Atageldi aga hakynda diňe ajaýyp sözleri aýdyp bolar diýsem hemmeler meniň bilen ylalaşarlarmyka diýýärin. Men ony ýaşlygymdan bäri tanaýan, sebäbi bizi, biziň maşgalamyzy sungat dostlaşdyrypdy. Biz kakam (kompozitor Bally Rejebow) bilen köp çykyşlara, bäsleşiklere maşgala ansambly bolup gatnaşýardyk. Şeýde-şeýde biz sahnada, sungatyň içinde kemala geldik. Şeýle çykyşlarda Atageldi halypa bilen hem gabatlaşýardyk. Kakam bilen duz-emek bolan Atageldi aganyň ýüzünde häzirem kakamyň mährini görýän ýaly bolýaryn. Kakam: “Atageldiniň ýüregi etden däl-de, owazdan, sazdan ýasalan” diýýärdi.
Halypanyň bu uly sepgitlere ýetmeginde onuň başarjaňlygyny, durmuşa söýgüsini, hyjuwlylygyny, ruhubelentligini görýärin. Şu ýerde, Atageldi aga hakynda aýdylan käbir ajaýyp setirleri ýatlasym gelýär. Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa oňa: “Atageldiniň owazyny hiç kim bilen deňäp bolmaz” diýýär. Kompozitor Baýram Hudaýnazarow bolsa “Nury Halmämmedowyň aýdymlaryny ilki bolup aýtmak Atageldä nesip etdi, ol beýik aýdymçy” diýýär.
Halypa bilen sahnalarda köp duşýarys, söhbetdeş bolýarys. Bir gezek ol maňa beýik dostlary — edebiýat we sungat ägirtleri Nury Halmämmedow we Gurbannazar Ezizow barada şeýle diýdi: “Nartäç, olar meniň uçar ganatymdy. Biri kompozitorym, biri şahyrymdy, ikisem söwer dostumdy, olar meni ýalňyz goýup ötägitdiler. Ýöne men her gün, her pursat olar bilen ýaşaýaryn”.
Şol iki beýiklige, ýagny, Nury Halmämmedowa we Gurbannazar Ezizowa bagyşlap, meşhur heýkeltaraş Saragt Babaýew ajaýyp heýkel döretdi. Atageldi aga muňa gaty begenip: “Saragt Babaýew öz işinde meniň dostlarymyň beýikligini görkezipdir” diýip buýsandy. Saragt Babaýew hem: “Atageldiniň sesi ýaly ses bamy näme?” diýip bu beýik opera aýdymçysyna uly baha berýär.
Gahryman Arkadagymyz zehin eýeleriniň sarpasyny belende göterýär, Atageldi aganyň sesine bolsa, aýratyn sarpa goýýar.
— Men şeýle gadyr bilinýän ýurtda ýaşaýandygyma buýsanýaryn we Gahryman Arkadagymyza alkyş aýdýaryn — diýip, beýik halypa häli-şindi gaýtalaýar.
A.Garýagdyýew ençeme baýraklaryň, derejeleriň mynasyp eýesidir. Umuman, halypa barada näçe aýtsaň aýdyp oturmaly. Oňa berk jan saglyk, uzak ýaş, sungat üstünliklerini arzuw edip, öz ýürek sesimi, buýsanjymy goşgy setirlerim bilen jemläsim gelýär:
Zemin läle-reýhan bahar paslynda,
Ýazyň özi sungat, bilseň, aslynda,
Ýyldyz dogdy ak ýyldyzlaň astynda,
Owazy äleme ýaýran, halypam!
Biri Gurbannazar, birisi Nury,
Siz şol beýikleriň, ussatlaň biri,
Bolup ägirtleriň, zorlaryň - zory,
Baky bilbil bolup saýran, halypam!
Hakdan jemlenipdir ähli gözellik,
Mähriňiz, roýuňyz durşy gazallyk,
Sungat bilen, aýdym bilen tanaldyň,
Ýer ýüzüne edip, seýran, halypam!
Owazyňyz şirwan perdä galyp dur,
Melul edip yşk oduna salyp dur,
Diňläp Sizi uçaslaryň gelip dur,
Asyr, döwür Size, haýran, halypam!
Waspyňyz dilden däl, ol ýürek sözi,
Sesiňize haýran dünýäniň ýüzi,
Ussatlaň ussady hasaplap sizi,
Arkadagym hormat goýýar, halypam!
Taryplap söýleýän, sungat gyzy men,
Bu gün şanyňyza çalýan sazy men,
Söýýän sizi dünýä beren ýazy men,
Sungat ummanyny boýlan, halypam!
Goý, mydam sahnada aýdym ýaňlansyn,
Size goşup ähli ýürek hiňlensin,
Ariýa, romanslar söýlüp diňlensin,
Türkmen sungatyny ýaýýaň, halypam!
Şirin owazyňyz äleme dolsun,
Ömrüňiz ýaz bilen baky beslensin,
Atageldi aga! Ýaş gutly bolsun,
Agtyk-çowluk bilen toýlaň, halypam!
Uzak-uzak ýyllar saýraň, halypam!
Nartäç ÝUSUPDURDYÝEWA.
Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň aýdym-saz mugallymy, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijisi.