Il saglygy — ýurt baýlygy
17.03.2022
Türkmen halkynyň sagdyn, berk bedenli bolmagy ugrunda ak ýektaýly lukmanlar yhlasly zähmet çekýärler. Olar gije diýmän, gündiz diýmän, halkyň hyzmatynda bolýarlar. Türkmengala etrap hassahanasynyň hirurgiýa bölüminde işleýän ak ýektaýly lukmanlar ýüz tutup gelýän näsaglary güler ýüz bilen garşy alýarlar. Şol bölümiň müdiri Imamberdi Öwezmyradow bilen hirurg lukman Güýçgeldi Garajaýew yhlasly zähmet çekip, ökdeleriň hatarynda tanalýarlar.
Halkymyzyň saglygyny ähli zatdan ileri tutýan hormatly Prezidentimiziň ýörelgelerine eýerip, Türkmengala etrap hassahanasynyň güler ýüzli lukmanlary hem ilatyň saglygy ugrunda aladalanýarlar.
SURATDA: Imamberdi Öwezmyradow bilen hirurg lukman Güýçgeldi Garajaýew iş wagtynda.
Surata düşüren Azym ŞEKEROW.