Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary geçirildi

17.03.2022

“Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip atlandyrylan ýylymyzy zähmet üstünliklerine besleýän türkmen halky jemgyýetimiziň durmuşynda wajyp syýasy çäräniň şaýady boldy. Bu çäre şu ýylyň 12-nji martynda işjeň häsiýetde geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarydyr. Ýokary guramaçylyk derejesindäki saýlawlara Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň iň ýokary wezipesine dalaşgärleriň 9-sy hödürlenildi. Ýurdumyzda saýlawlara taýýarlyk döwründe ägirt uly işler geçirilip, şeýle aladalar bu syýasy çäräniň ýokary guramaçylykda geçirilmegine mümkinçilik berdi.
Ata Watanymyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentligine saýlawlara işjeň taýýarlykly gelindi. Ýerlerde döredilen saýlaw uçastoklarynda saýlawçylaryň özleriniň mynasyp hasaplan dalaşgärlerine ses bermekleri üçin ähli şertler döredildi.
Ir säher bilen saýlaw uçastoklarynda Türkmenistanyň Döwlet senasy buýsançly ýaňlandy we ähli saýlaw uçastoklarynda ses bermek işjeň ýagdaýda başlanyldy. Ses bermegiň başyny il sylagly ýaşulular başlap, şol gün saýlawa gatnaşmaga hukugy bolan dürli kärdäki we ýaşdaky ildeşlerimiz özleriniň raýatlyk borçlaryny guwanç bilen berjaý etdiler.
Şol gün welaýatymyzdan Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär görkezilen welaýat häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradow Wekilbazar etrabynyň Mollanepes geňeşliginiň oba medeniýet öýünde döredilen 6-njy saýlaw uçastogynda ses berdi. Şonuň ýaly-da welaýatymyzdan ýurdumyzyň iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär, Türkmenistanyň döwlet Energetika institutynyň “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” ylmy--önümçilik merkeziniň direktory Kakageldi Saryýew hem saýlawlara gatnaşyp, Mary şäherindäki 8-nji sport mekdebinde döredilen 36- -njy saýlaw uçastogyna gelip ses berdi.
Jemgyýetimiziň durmuşynda bolup geçen bu syýasy çäre ýatdan çykmajak waka bolar. Onuň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanymyzyň taryhynda täze sahypanyň açylyp, ata Watanymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe syýasy, ykdysady-durmuş we medeni taýdan çalt depginlerde we durnukly ösdürilmeginde iňňän uly ähmiýete eýe boljakdygy şübhesizdir. Şonuň üçinem saýlawlar güni türkmen halky bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä bir adam ýaly bolup gatnaşdy. Saýlawlar güni saýlawçylar özleriniň mynasyp hasaplan dalaşgärine öz seslerini berip, ata Watanymyzyň abadan geljegini arzuwladylar. Bu syýasy-jemgyýetçilik çäresi demokratiýanyň giňden dabaralanyp, jemgyýetimiziň jebisligini we halkymyzyň agybirligini doly äşgär etdi.

Baýram AMANOW.
“Maru — şahu jahan”.