Ýürekler buýsançdan doly
10.03.2022
Oguldursun AGAMYRADOWA,
Mary etrabynyň ýaşaýjysy, öý hojalykçy:
— Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ýylyň-ýylyna zenanlarymyzyň şanyna Halkara zenanlar güni uly dabara bilen baýramçylyk çäreleri guralýar. Mährem zenanlaryň ençemesi “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp bolýar. Şeýle ada mynasyp bolmak bagty üstümizdäki “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip atlandyrylan ýylda maňa-da miýesser etdi. Meniň muňa begenjimiň, buýsanjymyň çägi ýok.
Hormatly Prezidentimiziň saýasynda biz — eneleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagymyz, zehinli, işjanly nesilleri ýetişdirmegimiz üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bu günki gün 8 çaganyň enesi bolup, çagalarymyzyň bilimine, terbiýesine uly üns berip, olaryň ata Watanymyza wepaly ýaşlar bolup ýetişmegi üçin irginsiz aladalanýaryn.