Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Ene waspy dillerde

10.03.2022

Welaýatymyzda Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp geçirilýän baýramçylyk dabaralary bir-birine ulaşyp, ýatdan çykmajak şatlykly pursatlara beslendi. Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda Halkara zenanlar güni mynasybetli şäherimiziň “Goşa gumry” toý mekanynda welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly baýramçylyk konserti boldy. Oňa edara-kärhanalarda, jemgyýetçilik guramalarynda zähmet çekýän zenanlarymyz, gyz-gelinler il sylagly, süýji dilli enelerimiz gatnaşdylar.
Hemme zat eneden başlanýar. Dünýädäki ýaşaýyş eneleriň mähri bilen dowam edýär. Perzentli bolmak nesliň dowam etmegi maşgala üçin ýaşaýşyň, barlygyň esasy manysy. Ene mähremligine meňzeş bahar pasly toý- -baýramlara, şatlyk şowhuna beslenýär. Bu baýramçylyk dabarasy hem hakyky baýramçylyk çäresine öwrüldi. Onda turuwbaşdan welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň taýýarlan edebi-sazly kompozisiýasyna, aýdym-sazly çykyşlaryna, tanslara giň orun berildi. Zenan mertebesine, päkligine, mähremligine, wepadarlygyna bagyşlanan joşgunly çykyşlar belentden ýaňlandy.
Täsirli geçen baýramçylyk dabarasynda welaýatymyzyň Mollanepes adyndaky çagalar sungat mekdebiniň körpeleriniň, Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy Gözel Annahanowanyň, Mary şäher “Margiana” medeniýet köşgüniň çagalar tans toparynyň körpeleriniň Ýolöten etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Çynar Gultyýewanyň, zehinli aýdymçymyz Ogulbossan Rahymowanyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary uly şowhuna eýe boldy. Belentden ýaňlanan çykyşlarda kalby buýsançdan doly gyz-gelinlerimiz, mährem enelerimizi, Arkadagly zamanamyz, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işleri wasp edildi.
Baýramçylyk dabarasyndan ruhlanan enelerimiz, gyz-gelinlerimiz milli Liderimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň dowamat-dowam bolmagyny arzuw etdiler.
***
Sakarçäge etrabynyň “Rysgally” toý mekanynda Halkara zenanlar güni mynasybetli dabara geçirildi. Oňa welaýatymyzda sekiz we ondan köp çagany dünýä indiren we terbiýeläp ýetişdiren eneler, dürli pudaklarda zähmet çekýän gelin-gyzlarymyz hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Halkara zenanlar güni mynasybetli guralan baýramçylyk çäresi ýokary ruhubelentlikde geçdi.

Ogulşat BERKELIÝEWA.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: baýramçylyk dabarasyndan pursat.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.