Halkara zenanlar güni dabaraly bellenilip geçildi
10.03.2022
Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary Diýarymyzyň ähli künjeginde giň gerime eýe boldy. Milli Liderimiziň saýasynda mähriban zenanlarymyz gyzgyn gutlanyldy. Olaryň şanyna aýdym-sazly baýramçylyk dabaralary guraldy. Şeýle täsirli hem şowhunly çäreleriň biri-de Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda boldy.
Mährem zenanlarymyzy gutlamak Gahryman Arkadagymyz tarapyndan berlen sowgatlary gowşurmak üçin geçirilen dabarada welaýat häkimi Döwranberdi Annaberdiýew gutlag sözi bilen çykyş etdi. Ol ähli gelin-gyzlary gutlap, hormatly Prezidentimiziň ajaýyp sowgatlaryny gowşurdy. Dabarada welaýatymyzdaky 8 çagaly zenanlaryň ençemesine “Ene mähri” diýen hormatly adyň dakylmagy bilen gutlady.
Dabaranyň dowamynda kalplary buýsançdan doly enelerimiz hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýdyp, çykyş etdiler. Şeýle-de, bu ýerde zenanlarymyzyň şanyna aýdym-sazly konsert guraldy. Ýakymly aýdym--sazlardyr, ajaýyp tanslar dabara gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
***
8-nji mart — Halkara zenanlar gününde 8 çagaly eneleriň ikisine täze jaýyň açaryny gowşurmak dabarasy boldy. Oguzhan etrabynyň Döwletli zaman şäherçesinde geçirilen bu dabara hemmelerde ajaýyp pursatlary galdyrdy. Bu ýerde tolgundyryjy pursatlarda welaýat häkimi Döwranberdi Annaberdiýew gutlag sözi bilen çykyş etdi. Ol jaý alan zenanlary gutlamak bilen, “Ýurt garşy alsyn!” diýip olara mähir bilen ýüzlendi.
Murgap etrabynyň Murgap şäheriniň ýaşaýjysy Şemşat Mommyýewa hem-de Ýolöten etrabynyň Döwletli geňeşliginiň ýaşaýjysy Anypa Mämmetjanowa dabaranyň dowamynda şeýle ajaýyp binada ýaşamaga giň mümkinçilikleriň döredilendigini nygtap, milli Liderimize köp sagbolsun aýtdylar. Dabarada ýaňlanan aýdym-sazlar bolsa çäräniň täsirliligini artdyrdy.
Sülgün ŞADYÝEWA.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: baýramçylyk dabarasyndan pursat.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.