Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Zeminiň görki

04.03.2022

Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, mähribanlygy we mylaýymlygy, wepalylygy we paýhasy, gözelligi we kämilligi özünde jemleýän türkmen zenanlaryna uly hormat, sarpa goýulýar. Berkarar döwletimizde, ajaýyp zamanamyzda zenanlar hakyndaky alada, olaryň durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak ata Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Türkmen zenanlarynyň durmuşynda milli däp-dessurlar giň dünýägaraýyş, bilim we häzirki döwürde zerur bolan işewür gatnaşyklar bilen sazlaşykly utgaşýar. Müňýyllyklaryň dowamynda halkymyzyň toplan paýhasy, tejribesi jemgyýetimiziň häzirki ösüşi bilen sazlaşygy emele getirýär diýip, döwlet Baştutanymyz belleýär.

Jennet TÖRÄÝEWA.
TDEI-niň talyby.