Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

01.03.2022

6 ýaşly körpelere başlangyç bilim berip, olaryň sowatly, giň dünýägaraýyşly bolmagy ugrunda aladalanýan mugallymlaryň biri hem Baýramaly etrabyndaky 25-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy Bahar Akmaýewadyr. Bahar mugallymyň yhlasly zähmetiniň miwesini onuň okuwçylarynyň göreldeli okaýandygyndan hem görmek bolýar. Etrap derejesindäki geçirilýän bäsleşiklere-de Bahar mugallymyň okuwçylary yzygiderli gatnaşyp, baýrakly orunlara eýe bolýarlar. Okuwçylarynyň üstünligi bolsa, mugallyma uly abraý getirýär.

SURATDA: Bahar mugallym sapak wagtynda.
Surata düşüren Döwlet MUHAMOW.