Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Il saglygy — ýurt baýlygy

01.03.2022

Möwsümleýin kesellerden goranmak üçin bedeniň immun ulgamynyň kesele garşy durnuklylygynyň ýokary bolmagyny gazanmaly, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmeli. Şeýle-de:
— bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, ir säher hem-de agşamara arassa howada gezim etmeli;
— saglyk bilen bagly her bir meselede hökmany suratda maşgala lukmanyna ýüz tutmaly; — daşary çykylanda burnuň nemli bardasyna «Oksolin» melhemini çalmagy endik edinmeli; — pasla görä geýinmeli we ýokumlara baý önümleri iýmeli;
— iş ýeriňizde we öýüňizde otaglaryň howasynyň tämiz bolmagyny gazanmaly. Penjiräni wagtal-wagtal açyp, otagy ýelejiredip durmaly, ýöne şemalyň ugrunda durmakdan saklanmaly. Daşary çykanyňyzda, agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatdan çykarmaň! Örtügi talabalaýyk, dürs dakynyň!
Jemgyýetçilik ýerlerinde 2 metr howpsuz aralygy saklaň!
Daşardan geleniňizde, nahardan öň we soň eliňizi sabynlap ýuwuň!
Şu maslahatlary berjaý etseňiz, ýylyň ähli paslynda öz saglygyňyzy gorap bilersiňiz.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.