Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisi: ösüşlere badalga

01.03.2022

Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynyň ilkinji günlerinde hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde sanly ulgam arkaly ýokary guramaçylykly geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi jemgyýetimiziň durmuşyndaky taryhy wakalaryň biri boldy.
Bu taryhy waka mynasybetli welaýat häkimliginde «Halk maslahaty —milli demokratiýanyň nusgasy» ady bilen maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, syýasy partiýalaryň welaýat komitetleriniň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşululardyr mährem eneler we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Maslahatda welaýat häkimi Döwranberdi Annaberdiýew çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň mejlisde eden çuň manyly taryhy çykyşy, kabul eden çözgüdi hem-de döwrümiziň «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyrylmagy dogrusynda giňişleýin durup geçdi. Soňra bu ýerde Türkmenistanyň hormatly il ýaşululary — Hezretguly Öwlüýägulyýew, Türkmenistanyň halk artisti Kakageldi Çaryýew, Mary etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary, «Zenan kalby» ordeniniň eýesi Aksoltan Baýramowa, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, TDP-niň Türkmengala etrap komitetiniň başlygy Muhammetnazar Täşliýew, welaýatymyzdaky «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň müdiri Güljahan Çarykulyýewa, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygy Maksat Janmyradow, TKA-nyň Murgap etrap birleşmesiniň başlygy Gurbanmyrat Muhammetorazow çykyş etdiler. Çykyşlarda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde biragyzdan kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 —2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» röwşen geljegimizi şöhlelendirjekdigi, ösüşli menzillerimize kuwwatly itergi berjekdigi buýsançly bellenildi.
Maslahatyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edildi.

Bahargül MEJIDOWA.
«Maru —şahu jahan».
SURATDA: maslahatdan pursat.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.