Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Päk zähmetiň miwesi

22.02.2022

Ogulnar çagalyk döwründe-de mugallym bolmagy arzuw ederdi. Ol bu käriň eýesi bolmak üçin köp yhlas etdi, köp çeper eserleri okady. Ogulnar mekdepde göreldeli bilim alyp, dünýägaraýşyny ösdürýär. Mugallym onuň ikinji ene-atasyna öwrülýär. Onuň ýaşlyk döwründe eden arzuwy hasyl bolup, ol 1983-nji ýylda Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebine okuwa girýär. Ol bu okuw mekdebini gowy bahalar bilen tamamlady. Häzirki wagtda Ogulnar Kyýasowa Mary şäherindäki Akmämmet Ýazow adyndaky 6-njy orta mekdepde başlangyç synp okuwçylaryna bilim-terbiýe berýär. Onuň indi bu kärde işläp ýörenine 33 ýyldan gowrak wagt geçipdir. Bu tejribeli mugallyma çagalaryň ene-atalary hem hoşallyklaryny aýdýarlar. Ogulnar mugallym mekdepden boş wagtlary hem çagalara türkmen dilinden, matematikadan, edebiýatdan goşmaça öwretmegi özüne endik edinipdir.
— Men okadýan okuwçylarymyň öwrenmäge höwesleriniň uludygyna guwanýaryn. Okuwçylar bilen rus, iňlis dili, matematika sapaklarynyň gyzykly geçmegini gazanýaryn, bäsleşikleri guraýaryn. Bu bolsa, olaryň okuwa gatnaşygyna, sapaklaryna bolan ýetişiginiň gowulanmagyna ýardam berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda sagdyn durmuş ýörelgesi rowaç alýar. Okuwçylaryň şahsy gigiýenanyň düzgünlerini berjaý etmeklerine, agyz--burun örtüklerini yzygiderli dakmaklaryna gözegçilik edýäris. Çünki, sagdyn durmuş sagdynlygyň, ruhubelentligiň kepilidir. Bilim ulgamynda uly üstünlikler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiz bilim işgärleriniň päk zähmetine aýratyn üns berýär. Biz muňa jogap edip, ertirki neslimiziň sagdyn we şadyýan, Watanymyza wepaly nesil bolup ýetişmegini gazanmaga çalyşýarys — diýip, Ogulnar Kyýasowa gürrüň berýär.
Biz hem özüniň döredijilikli zähmeti, ýadawsyz yhlas-tagallasy bilen adygan tejribeli mugallyma işinde rowaçlyk arzuw edýäris.

Ogulşat BERKELIÝEWA.
«Maru — şahu jahan»..
SURATDA: Ogulnar Kyýasowa çagalar bilen sapak wagtynda.
Surata düşüren awtor.