Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Milli mirasymyzyň şanyna

10.02.2022

Hemmämize mälim bolşy ýaly, ýakynda dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu şatlykly habaryň şanyna ýurdumyzyň ähli ýerlerinde aýdym-sazly dabaralara, täsirli duşuşyklara giň orun berilýär. Şeýle gyzykly duşuşyklaryň biri-de ýakynda Wekilbazar etrabyndaky Mollanepes adyndaky şäherçe medeniýet öýünde geçirildi.
TDP-niň welaýat hem-de Wekilbazar etrap komitetleriniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň we Wekilbazar etrap medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda “Çalsana, bagşy” ady bilen dabaraly duşuşyk geçirildi. Onda TDP-niň welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy Mekan Meşşaýew, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň pudagara utgaşdyryjysy Amandurdy Şadyýew, TDP-niň Wekilbazar etrap komitetiniň başlygy Tawus Gylyjowa, Mary etrap medeniýet bölüminiň bagşylar öýüniň müdiri Gülbahar Bäşimowa, şeýle-de, bagşylar öýüniň çeper ýolbaşçysy Maksat Annamyradow çykyş etdiler. Dutara bagyşlanan duşuşykda edilen gürrüňler oňa gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

S. ANNAGULYÝEWA.
SURATDA: dabaraly duşuşykdan pursat.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.