Sungatym bar - hormatym bar
03.02.2021
Meşhur bagşy Sary bagşynyň we onuň ogly Pürli Saryýewiň we ýene birnäçe halypa sazandalaryň aýtmaklaryna görä, türkmenlerde 3 kirişli gyjak, takmynan, XVIII asyryň ikinji ýarymynda ýüze çykypdyr. Ilkibaşda ony arap, hindi ýurtlaryndan getirilen kokos hozundan, suwkädiden ýasapdyrlar, soňra tut agajynyň içini köwüp ýasandyklary barada halypalar gürrüň berýärler.
Etrabymyzdaky çagalar sungat mekdebimizde ýaş nesle saz sungatyny öwretmekde uly tagallalar edilýär. Bu ýerde çagalaryň saýlan ugurlary boýunça bilim alyp, kämilleşmekleri üçin ähli şertler bar. Mekdebimizde Begenç Myradow halypalyga ýetişen tejribeli mugallymlaryň biri bolup, ol gyjak hünärinden bilim berýär. 1989-njy ýylda Sakarçäge etrap çagalar sungat mekdebine gyjak hünäri boýunça okuwa giren Begenç özüniň ukyp-başarnygyny äşgär edýär. Ýaş oglanyň aýratyn zehinine üns beren halypa mugallym Çary Karaýew oňa ýakyndan goldaw-ýardam berýär. Begenjiň saz sungatynyň uç-gyraksyz älemine içgin aralaşmagyna halypalyk edýär. Kämilligiň ýoluny ynamly külterläp başlan B. Myradow 1994-nji ýylda Marynyň Ý. Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebinde okuwyny dowam etdirýär. Gyjak çalmagyň inçe syrlaryny ykjam ele alýar, kämilleşýär.
Mekdepde B. Myradowa tejribeli mugallymlar Agamyrat Jumaýew, Nurmyrat Babaýew halypalyk edip, onuň ukyp-başarnygynyň ýokarlanmagyna goldaw-ýardam berýärler.
Gyjak çalmaga isleg-höwesi, başarnygy ýetik B. Myradow kakasy agaç ussasy bolansoň ady agzalan mekdebe okuwa giren ýyly onuň özi üç tarly ilkinji gyjagyny ýasaýar. Özi üçin açyşly ýola gadam basan B. Myradow gyjagy diňe bir çalmakda däl, bu saz guralyny ýasamakda-da kämillige gol ýapýar. Şeýlelikde, ol sazçylyk mekdebini tamamlap, Sakarçäge etrabyndaky sazçylyk mekdebinde işe başlap, gyjak ýasamakda ökdelerden öwrenip kämilleşýär. Ol çagalar üçin 4 gulakly opkestr gyjagyny ýasap başlaýar. B. Myradowyň “Gyjak üçin eserleriň ýazgysy” diýen okuw gollanmasy 2015-nji ýylda çapdan çykýar. Zehinli sazanda “Leýlisaç”, “Juwan göründi”, “Ýaýla hüwdüsi”, “Durnalar”, “Boý, Bibi”, “Halyçy gözel”, “Sona gelin” ýaly sazlary gyjak üçin nota ýazgysyna geçirdi. Häzirki wagtda Begenç Myradow şägirtleri Gülälek Akmyradowa, Daýanç Myradowa, Täçmyrat Begenjowa, Maýsa Orazmuhammedowa, Gurbangeldi Çaryýewe, Aýjahan Ataýewa halypalyk edýär.
Halypanyň saýlan ýoluny onuň ogullarynyň dowam etdirýändigini ýatlamak ýakymlydyr. Has takygy, B. Myradowyň uly ogly Myrat Marynyň Ý. Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebinde klarnet saz guraly boýunça bilim alsa, kiçi ogly Mukam Sakarçäge etrap sungat mekdebinde skripka boýunça ukyp-başarnygyny artdyrýar. Ata kesbiniň ogullara halal bolýan maşgalasynyň saz sungatyndaky ynamly ädimlerine guwanýan Begenç Myradowa täze üstünlikleri arzuw edýäris.
Şemşat ÖWEZOWA.
Sakarçäge etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.