Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Işler utgaşykly barýar

10.02.2022

Ýaşyl öwüsýän ak ekinler meýdanlara aýratyn gözellik paýlaýar. Welaýatymyzyň gallaçy kärendeçileri gyşyň güneşli günlerinden peýdalanyp, ak ekinlere ideg etmek işlerinde öndürijilikli zähmet çekýärler.
Häzirki wagtda meýdan işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegine uly üns berilýär. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, munuň özi bol hasyl almagyň möhüm şerti bolup durýar. Murgap etrabynyň Hyrslan Jumaýew adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçileri hem Arkadag Prezidentimiziň hemaýat-goldawyndan ruhlanyp, her zähmet gününi üstünliklere besläp tutanýerli işleýärler. Şol daýhan birleşiginiň kärendeçisi Nurýagdy Myllyýew hem indi çärýek asyra golaý wagt bäri kärendeçilik usulynda işläp, 2 gektar meýdana daýhan hyzmatyny gaýgyranok. Gowaçadan, bugdaýdan ýokary netijeleri gazanýan Nurýagdy Myllyýewiň işi ileri, hormaty uly.

SURATDA: kärendeçi Nurýagdy Myllyýew ekin meýdanynda.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.