Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Oba hojalygy : işler utgaşykly barýar

03.02.2022

Milli Liderimiziň tagallasy bilen ak arzuwlara beslenip, ykballary galkyndyrjak “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip atlandyrylan 2022-nji ýylda-da ýurdumyzy 2019 — 2025--nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda meýilleşdirilen oba hojalyk işleriniň öz wagtynda we ýokary hil derejesinde geçirilmegi ugrunda işler guramaçylykly alnyp barylýar.
Ýazky ekiş möwsümine tehnikalaryň gurat we doly taýýar edilmegi ugrunda tehniki hyzmat ediş kärhanalarynyň işçi--hünärmenleri ukyp-başarnyklaryny gaýgyrman yhlasly zähmet çekýärler. Şeýle kärhanalaryň biri-de Murgap etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasydyr.
— Işiň gyzgalaňly gidýän şu günlerinde, esasan ak ekinlere mineral we ýerli dökünleri tehnikanyň kömegi bilen sepmek, ekin ekiljek ýerlerde şüdügär sürümi we tekizleşik işleri güýçli depginlerde alnyp barylýar. “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip, atlandyrylan 2022-nji ýylda etrabymyz boýunça 21 müň 900 gektarda pagta, 950 gektarda ýeralma, 310 gektarda bolsa, gök önüm ösdürip ýetişdirmek meýilleşdirilýär. Biziň etrap tehniki hyzmat ediş kärhanamyzyň işbaşarjaň, agzybir işgärleri we hünärmenleri gowaçanyň, ýeralmanyň we beýleki ekinleriň ekişine ýerleri irgözinden ýokary hilli taýýarlamak boýunça ýadawsyz işleýärler. Ekin meýdanlarynda, hormatly Arkadagymyzyň daşary ýurtlardan satyn alyp beren döwrebap tehnikalarynyň 66-sy doly güýjünde işledilýär. Işine ökde, tutanýerliligi bilen tapawutlanýan mehanizatorlardan Babajan Amanow, Nurana Çaryýew, Yhlas Babaýew, Gaýgysyz Hallyýew köplere görelde bolup, öňdäkileriň hatarynda tanalýarlar. Öz işine ussat bejeriji ussalardan Akmuhammet Hümmedow, Ýazmuhammet Atabaýew, Çary Akmyradow, Bagtyýar Gylyjow tehnikalara bejergi işlerini geçirmekde we abatlamakda yhlaslylyk görkezýärler — diýip, bu kärhana ýolbaşçylyk edýän tejribeli hünärmen Şamyrat Atdaýew gürrüňdeş bolanymyzda aýtdy.
Biziň döredijilik toparymyz etrap boýunça sürüm işleriniň guralyşy we geçirilişi bilen ýakyndan tanyşmak üçin TAP-nyň etrap komitetiniň hünärmeni Ogulnäzik Mukymowa bilen etrabyň Hyrslan Jumaýew adyndaky daýhan birleşiginiň ekin meýdanlarynda boldy. Gök öwsüp, topraga bezeg berip oturan bugdaýly meýdanlar, bol hasyla ynam döretse, çöp-çalamlardan arassalanyp, sürlen we tekizleşik işleri geçirilen ýerler bolsa üýtgeşik gözellik paýlaýar. Mele topragy çepbesine çöwrüp, meýdanda üýtgeşik owaz emele getirip, işleşip ýören häzirkizaman tehnikalaryň hereketi göreniň göwnüni göterýär. Ekin meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň gyzgalaňly häsiýete eýe bolmagy, işleriň talabalaýyk alnyp barylýandygyndan habar berýär.

Sähet HOJAGELDIÝEW.
«Maru — şahu jahan».
SURATDA: ekin meýdanynda.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.