Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Mirasym — mertebäm

03.02.2022

Golaýda welaýatymyzdaky “Türkmeniň Ak öýi” binasynda milli mirasymyzy öwrenmek hem-de wagyz etmek, dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli welaýat medeniýet müdirliginiň, welaýat häkimliginiň hem-de welaýat halk döredijilik merkeziniň bilelikde guramagynda “Dutaryň owazy — ynsan göwünleriniň şasy” atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Bu dabara welaýatymyzyň birleşen dutarçylar toparynyň hem-de aýdymçydyr sazandalaryň gatnaşmagynda uly şatlyk-şowhuna beslendi. Dabarada Ýolöten, Mary, Murgap, Garagum etrap medeniýet merkezleriniň taýýarlan çykyşlary, şonuň ýaly-da, welaýatymyzyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň taýýarlan sergisi giňden ýaýbaňlandyryldy.
Şeýle hem aýdym-sazly dabarada sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde halk aýdymlary belentden-belent ýaňlandy. Türkmen bagşylarynyň köneden gelýän halk aýdymlaryny aýtmagy bolsa, dabara gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Dabarada türkmen saz sungatyny ösdürmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagy, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegi arzuw edildi.

Şemşat SAÝLYÝEWA.
«Maru — şahu jahan».
SURATDA: aýdym-sazly dabaradan pursat.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.