Il saglygy — ýurt baýlygy
28.01.2022
Möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak işi köp bölekleýin we üznüksiz çärelerden ybarat bolup, öz netijesini berýär. Kadaly iýmitlenmek, sagdyn durmuş ýörelgesi, bedeni taplamak we bedenterbiýäniň işjeň görnüşi bilen meşgullanmak bedeniň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrýar.
Saglygyňyzy goraň! Howpsuz 2 metr aralygy saklaň, elleri sabyn bilen ýygy-ýygydan ýuwuň, agyz-burun örtüklerini doly we dogry dakynyň we olary her 2 sagatdan çalşyň. Lukman bilen maslahatlaşyp, buýan köküni çaý görnüşinde ulanyň. Burnuň nemli bardasyna oksolin melhemini çalyň.
Ýiti respirator wirus ýokanjy gowşak we kesellere garşy göreşmek ukyby pes adamlarda has köp ýüze çykýar, ylaýta-da çagalarda we gartaşan adamlarda. Dürli dartgynly, gaharly, gynançly duýgular bedeniň kesellere garşy göreşmek ukybyny peseldýärler, şol sebäpli duýgulara erk etmek zerurdyr.
Şeýlelikde, immunitetiň berk bolmagy üçin näme zerurka?
1.Maşgalada we işde oňaýly (psihologiki mikroklimatyň) ruhy sagdynlygyň bolmagyny gazanmaly. Her bir ýagdaýda deňagramlylygy berjaý ediň we ýygy-ýygydan ýylgyryň.
Güýçli nerw dartgynlygy (stres) adam bedeniniň kesellere garşy göreş ukybyny peseldýär. Wiruslar öýjüklerde gizlenip saklanýarlar we bedeniň gowşan ýagdaýynda keseli döredýärler. Şol sebäpli bir-biriňize mylakatly boluň, ýylgyryp bakyň.
2.Gün tertibi.
Adam bedeniniň tebigy gurluşyna laýyklykda uky bilen işjeňliginiň, iýmit we gezelenjiň kesgitli çalşygy bolmalydyr. Bu endikler irki çaga döwründe kemala gelip, adamyň bütin ömründe galýar. Şol sebäpden çagany irki döwründen başlap, gün tertibine uýgunlaşdyrmaly we bu tertip-düzgüni her gün doly ýerine ýetirmeklik şertinde çagany terbiýelemeli.
3. Kadaly iýmitlenme.
Respirator kesellere garşy göreşmek ukybyny berkitmek maksady bilen, D we A witamine baý önümleri kabul etmeli. Hökmany suratda ösümlik ýagy goşulyp, ter käşirden taýýarlanan işdäaçary, mesge atylyp taýýarlanan kädi üwmejini, ýumurtga, dorag, ýogurt, gaýnadylan et, buglanan balyk, şugundyr, kelem, sogan, sarymsak we miweleri kabul etmeli. Witaminleriň B topary umumy madda alyş-çalyş hadysalaryny kadalaşdyrýar, gan dörediji ulgama oňaýly täsirini ýetirýär, bu bolsa saglygyň berkidilmegine ýardam berýär. Şonuň üçin süýtde taýýarlanan dürli däneli şüleleri kabul ediň. Emma immuniteti has berkidýän C witaminidir.
Gök önümler we miweler C witaminine has baý önümlerdir. Gök önümler we miweler taýýarlananda olaryň düzümindäki C witamini dargamaz ýaly hökman taýýarlamak gyzgynlygyň oňaýly derejesini saýlamalydyr. Eger-de, olary ter dogralan görnüşinde kabul etmekçi bolsaňyz, olary iýmezden öň taýýarlamaly. Gök önümleri we miweleri az-azdan yzygiderli kabul etmeli. Diňe kabul edýän iýmit önümlerimiz wajyp bolman, eýsem, bu önümleri kabul edişimiz we kabul etmegiň ýygylygy hem wajypdyr.
Uly adamlarda bu ertirlik, günortanlyk, guşluk, agşamlyk naharlarydyr. Ulularyň adaty ertirlik, günortanlyk, guşluk, agşamlyk iýmitlenmek rejesi çagalar üçin degişli däldir. Bu iýmitlenme rejesine ikinji ertirlik we guşluk goşulmalydyr. Eger çagalar bakja-baglarynda we mekdeplerde 4 gezekleýin iýmitlenme bilen üpjün edilen bolsa-da, çaga ýany bilen alma, banan, däneli kökejikleri, ýogurt, maňyzlary, arassa agyz suwuny bermeli. Güýz we gyş aýlarynyň çalşygynda hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy kitabynyň esasynda çopantelpek, itburun, ýandak, zirk, buýan köki we beýleki dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary has peýdalydyr. Şeýle hem towuk, göle çorbasynda taýýarlanan, gyzyl burç we sarymsak goşulan el unaşy maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, kabul etmeli. Günde gatyk, ýa-da beýleki süýtturşy önümleri kabul etmeli.
4. Günüň içinde 1 gezek çaga itburun demlemesini beriň we özüňiz hem höwes bilen kabul ediň.
Itburun demlemesini tapgyrlaýyn 2 hepdäniň dowamynda kabul etmeli, soň 1 aý arakesme etmeli. Çagalara itburun demlemesini 4 aýlykda berip başlansa bolýar. Itburun C witaminine baý ösümlik, ýöne ol bedenden kaliý maddasyny çykarýar. Bu demleme has peýdaly bolmagy üçin hökman ýany bilen kaliý maddasyna baý, çaganyň ýaşyna laýyklykda rugsat berilýän iýmit önümleri bolan kakadylan erik, kişmiş, banan girizilmelidir. Ondan başga-da, günüň dowamynda ýeterlik mukdarda arassa agyz suwuny içmek zerur şertleriň biridir.
5. Arassa açyk howa.
Bu ýerde howa we bedeni D witamini bilen baýlaşdyrýan Gün wannalary wajypdyr. Hatda bulutly howada-da Gün wannalary kabul edip bolar, sebäbi ultramelewşe şöhleleri bulut gatlagyndan arkaýyn geçip bilýärler. Çagany pasla görä geýindirmek wajypdyr. Eneler çaga üşemez ýaly gat-gat geýindirýärler, bu bolsa çaganyň gyzmagyna, derlemegine hem-de hereketleriniň çäklendirilmegine getirýär we çaga kesellemegi mümkin. Ýeňil üşemek çaganyň hereket etmegine itergi berýär we ol netijede ýylanýar. Emma aşa ýyly, galyň geýinmek arkaly gyzmak immunitetiň peselmegine getirýär. Pasla görä ünsli geýiniň we çagalaryňyza gözegçilik ediň.
6. Bedeni taplamak.
Suw bilen taplanmak — bu birnäçe usullardan ybarat bolan uly mowzukdyr. Süpürinmek, üstüňden suw guýmak, aýak üçin wannalar, sowuk we gyzgyn suwy çalyşmak arkaly duş. Emma, ilki bilen taplanmany otag temperaturasyndaky derejede bolan suwda çyglanan süpürgiç bilen süpürinmekden başlamak çagalar üçin hem amatlydyr.
7. Şahsy we jemgyýetçilik gigiýenasy.
Her gün ýaşaýyş otaglaryny ýelejiretmeli we yzygiderli çygly arassalaýyş işlerini geçirmeli, sebäbi gurak otagda tozan bölejikleri dem alyş ýollaryna gabat gatlakda gaýmalap durýarlar. Eger-de, ulaldyjy enjam arkaly mikroskopyň kömegi bilen howanyň barlagyny geçirseňiz, onda howada dürli kömelejikleri, mikroorganizmleri görüp bolar. Çygly arassalaýyş işlerinden soň otaglaryň howasyny üzärlik bilen tämizlemeli.
8. Irki ýaşdan çagalarda nahar kabul etmezden öň we hajathanadan soň elleri ýuwmak endigini terbiýelemeli.
Çagalar üçin burun boşlugynyň we bokurdagynyň arassalygy we gigiýenasy wajypdyr, çaga agyz-burun boşlugyny mylaýym suw bilen çaýkamagy endik etdiriň. Mundan başga-da, öýde mikroklimaty döretmek zerur, howanyň 20-220 C we 50-60 % çyglyk dem alyş hadysasyny kadalaşdyrýar we keselleriň öňüni almaga ýardam edýär. Immuniteti berkitmegiň özeni — derman serişdesiz adaty, ýöne hökman ýerine ýetirilmeli we emma netijeli usuldyr. Mundan başga-da, bu usullarda garşy görkezmeler ýokdur.
9. Ýene-de bir netijeli ýöriteleşdirilen keselleriň öňüni alyş usuly keselleriň öňüni alyş sanjymydyr. Maşgala lukmanlary bilen maslahatlaşyp, öz wagtynda olary kabul ediň!
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň
Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.