Şu gün — Watan goragçylarynyň güni
27.01.2022
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň baştutanlygynda türkmen halky zähmet üstünlikleriniň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ýurdumyzda ykdysady ösüşleriň bady ýylsaýyn artyp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli ýokarlandyrmakda durmuşa geçirilýän işler giň gerime eýe bolýar. Diýarymyzyň çar künjeginde gurlup, ulanylmaga berilýän döwrebap ymaratlardyr desgalaryňam sany ýylsaýyn artýar.
Golaýda biz ýene bir guwançly wakanyň şaýady bolduk. Halkyň Arkadagly zamanasy ýylymyzyň ilkinji günlerinde bellenilýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Mary şäheriniň Altyn asyr aýlaw ýolunyň ugrunda döwrebap ýaşaýyş jaýy ulanylmaga berildi. 4 gatly, 32 öýli bu täze bina gümrük gullugynyň işgärleriniň maşgalalaryna baýramçylyk sowgady boldy. Ähli amatlykly bu döwrebap ymarat Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň buýurmasy esasynda bina edildi. Ony Türkmenistanyň Senagat we önümçilik ministrliginiň Türkmenabat şäheriniň demir-beton konstruksiýasy kärhanasynyň zähmetsöýer gurluşykçylary gurup, ulanmaga berdiler. Bu ýerde bitirilen işiň ýokary hilini aýratyn nygtamak ýakymlydyr. Watan goragçylarynyň gününiň öň ýanynda ulanylmaga berlen täze jaýyň dabarasy alyslara aşdy. Baýramçylyk görnüşinde bezelen täze ymaratyň öňünde aýdymçy-sazandalaryň şirin owazy ajap eýýamymyzyň buýsanjy bolup ýaňlandy. Bu şatlykly waka üstümizdäki Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynyň guwançly sepgitlere beslenjekdiginiň buşlukçysy boldy.
Baýram AMANOW.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: täze ymaratyň açylyş dabarasyndan pursat.
Suratlary düşüren Şamyrat AMADOW.