Bäsleşikleriň jemine bagyşlanan dabara
17.01.2022
Golaýda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň we Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň, “Maru — şahu jahan” welaýat gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde guran döredijilik bäsleşikleriniň jemlerine bagyşlanan dabara boldy. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda amala aşyrylan beýik işleriň waspyny halk köpçüligine, şeýle hem dünýä ýaýmaga uly mümkinçilikleri döredýän bu döredijilik bäsleşikleriniň jemleniş dabarasy TKA-nyň welaýat birleşmesiniň ýygnaklar jaýynda geçirildi. Jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem bagtyýar zamananyň waspçylary bolan döredijilik bilen meşgullanýan adamlaryň uly toparynyň gatnaşan bu dabarasy aýratyn şowhunlylygy bilen tapawutlandy. Täsirli hem gyzykly geçirilen dabaranyň maksady Garaşsyzlygymyzyň şanly 30, şeýle-de baky Bitaraplygymyzyň şanly 26 ýyllygynyň baýramlarynyň giňden hem dabaraly bellenilen Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda döredijilik bilen iş salyşýanlaryň arasynda yglan edilen bäsleşiklerde ýeňiji bolanlary atlandyryp, olara mynasyp bolan baýraklaryny gowşurmakdan ybarat boldy.
Dabarada TDP-niň welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Kakageldi Gurbanow, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Seýitmyrat Atamyradow, Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň hünärmeni Maýagözel Ýakubowa, “Maru — şahu jahan” welaýat gazetiniň baş redaktory Muhammetdurdy Saparlyýew çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizi bedew bady bilen gülledip-ösdürip, ýurdumyzyň dünýädäki abraý-mertebesini arşa galdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen il-ýurt bähbitli durmuşa geçirilýän beýik işler hakynda anyk mysallar bilen täsirli gürrüň berdiler. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň dünýä ähmiýetli belent başlangyçlarydyr teklipleriniň diňe bir Türkmenistan döwletimizde däl-de, bütin dünýäde goldanylýandygy dogrusynda durup geçmek bilen, dabara gatnaşyjylaryň kalplarynda bagtyýarlyk döwrüni peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, eziz Watanymyza bolan mukaddes söýgini has-da güýçlendirdiler. Şeýle hem özleriniň asylly işleri bolan döredijilik işleri bilen bagtyýar zamanamyzyň waspyny wagyz-nesihat edýän ýazyjy-şahyrlara uly üstünlikleri arzuw etdiler. Şeýle-de, döredijilik işgärleriniň Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesli milli ruhda terbiýeläp ýetişdirmekde hem-de barha rowaçlyklara besleýän bagtyýar halkymyzyň şan-şöhratly durmuşyny dünýä ýaýmakda mynasyp goşant goşýandyklary üçin tüýs ýürekden sag bolsun aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzy, bagtyýar halkymyzy täze — 2022-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
Soňra döredijilik bäsleşiklerinde ýeňiji bolanlar TDP-niň welaýat komitetiniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň, Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň ýadygärlik sowgatlary, şeýle hem “Maru — şahu jahan” welaýat gazetiniň redaksiýasynyň Hormat hatlary bilen sylaglanyldylar. Dabaranyň ahyrynda çärä gatnaşyjylar bagtyýar durmuşda ýaşamaga, döretmäge, gurmaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Annageldi KÄLLIÝEW.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: dabaradan pursat.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.