Kitap — ruhy baýlygymyz
12.01.2022
Kitap deňi-taýy bolmadyk ruhy baýlygymyzy artdyrmakda gymmatly hazynadyr. Ol adamyň aňyny, pikirlenişini ösdürmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Halkymyz hemişe kitaphanalar bilen ýakyn gatnaşyk saklapdyr.
Golaýda Türkmengala etrap merkezi kitaphanasynda ýaşlarda kitap okamaga bolan höwesi artdyrmak maksady bilen “Kitap — üstünligiň açary” ady bilen kitap sergisi guraldy. Sergide hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş berýän eserlerine aýratyn ähmiýet berildi.
TMÝG-niň etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň hünärmeni Bilbil Jumaýewa ýaşlara kitap okamagyň ähmiýeti dogrusynda gürrüň berdi. Şeýle hem bagtyýarlyk döwrümizde ýaşlaryň okamagy, ylymly-bilimli bolup ýetişmegi, geljeginiň bagtyýar bolmagy üçin hormatly Prezidentimiziň edýän aladalary dogrusynda sergä gelen ýaşlaryň arasynda gürrüňdeşlik geçirildi.
SURATDA: sergiden pursat.
Surata düşüren Azym ŞEKEROW.