Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Oba hojalygy : ösüş-özgerişler ýoly bilen

10.01.2022

Arkadag Prezidentimiziň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen hem-de “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda tamamlanan 2021-nji ýyly uly zähmet üstünliklerine beslän halkymyz “Bars ýyly — baý ýyl” diýilýän täze, 2022-nji ýyly uly ruhubelentlik bilen garşylady. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan zähmet ýeňişlerine hem-de beýik ösüşlere beslenen 2021-nji ýyly üstünlikli tamamlady. Bu bolsa halkymyzda täze ýylyň mundan hem has uly ösüşiň, ruhubelentligiň we ajaýyp rowaçlyklaryň ýyly boljakdygyna ynamy berkidýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, Türkmenistan döwletimizde ähli ulgamlarda belent sepgitlere ýetilýär. Şol sanda oba hojalyk pudagynda durmuşa geçirilýän özgertmeler özüniň oňyn netijesini berýär. Bu pudakda tutanýerli zähmet çekýän, işbaşarjaň babadaýhanlar üçin oňaýly şertleriň döredilmegi, olaryň çekýän asylly zähmetlerine ýokary baha berilmegi we obasenagat toplumynyň işiniň kämilleşdirilmegi bu ulgamyň beýik sepgitleri eýelemegine ýardam berýär. Her bir ýyly zähmet üstünliklerine beslemegi maksat edinýän türkmen daýhany tarypa mynasyp ösüşlere eýe bolup, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyna öz goşandyny goşýar. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda welaýatymyzyň zähmetsöýer oba hojalyk işgärleri bugdaýdyr pagtanyň, gant şugundyrynyň, gök-bakja ekinleriniň, ir-iýmişleriň bol hasylyny ýetişdirdiler. Olar Watan harmanyna 345 müň tonnadan gowrak guşgursak bugdaý dänesini, 365 müň tonnadan gowrak “ak altyny” tabşyryp, bellenilen meýilnamany artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şeýle-de, bir ýylda iki hasyl alyp, goşmaça girdejä eýe bolmagy maksat edinýän hasyl ussatlary 14900 gektar ýerde gant şugundyrynyň bol hasylyny ýetişdirdiler. Häzirki günlerde ýetişdirilen süýjülik ekin bolan gant şugundyryny ýygnamak işleri artdyrylan güýç bilen alnyp barylýar.
“Gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysy-da gylyksyz” diýilýän gyş pasly işiň böwşeňleşýän wagty hasaplansa-da, çyn daýhana ýylyň islendik paslynda edere iş tapylýar. Gyş paslynyň örküji hasaplanýan häzirki günlerde geljek ýylyň hasyly bolan ak ekiniň idegi ýetirilýär. Ak ekinler mineral dökünler bilen iýmitlendirilip, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Bugdaýa mineral dökünler bermek işlerinde oba hojalyk tehnikalary we ýörite iş gurallary doly güýjünde işledilýär. Gowaçadan we beýleki ekinlerden boşan meýdanlarda şüdügär sürümi geçirilýär. Ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny berkitmek we ilatymyzy özümizde öndürilen ýeralma hem-de dürli görnüşli gök-bakja önümleri bilen üpjün etmek üçin ýaz ekişine taýýarlyk işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Şu ýyl bu ekinleriň meýdanyny artdyrmak we olaryň ekiljek ýerlerini, tohumlaryny taýýarlamak babatda degişli işler durmuşa geçirilýär. Oba hojalyk tehnikalaryny we abzallaryny ekiş möwsümine taýýarlamak işleri talabalaýyk dowam etdirilýär. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatymyzda üstümizdäki ýyl üçin göz öňünde tutulýan işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi üçin anyk çäreler görülýär.
Telekeçilik ulgamynda zerur önümleriň öndürilýän mukdaryny köpeldip, daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberini artdyrmak, beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň mukdaryny azaltmak işleri dowamly we üstünlikli alnyp barylýar. Türkmenistanda azyk önümleriniň ähli görnüşlerini öndürmek üçin oňaýly bolan zerur tebigy we howa şertleri bar. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek üçin ähli gerek bolan mümkinçilikler döredilendir. Ýylyň bütin dowamynda ilaty ter gök önümler bilen üpjün etmek üçin welaýatymyzda häzirkizaman, ösen innowasion tehnologiýalar bilen abzallaşdyrylan, awtomatiki usulda dolandyrylýan ýyladyşhanalar gurlup, ulanylmaga berildi. Ösdürilip ýetişdirilen gök önümleri, ir-iýmişleri, miweleri gyş paslyna çenli saklamak üçin niýetlenip gurlan döwrebap sowadyjylarda azyk önümleriniň müňlerçe tonnasy ýerleşdirilýär. Öndürilen önümleri gaýtadan işlemek, häzirkizaman önümçiligini ýola goýmak üçin täze tehnologiýalar, kämil enjamlar bilen üpjünçilik işleri alnyp barylýar.
Telekeçileriň miwe, bakja önümlerini öndürmegi üçin welaýatymyzda müňlerçe gektar ýer bölünip berildi. Olara tohum, dökün, tehnika satyn almaklary üçin ýeňillikli karzlar berilýär. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ak bazarlarynda we söwda nokatlarynda haryt bolçulygy döredilip, ilata elýeter bahalardan satylýar. Türkmen telekeçileriniň öndüren towuk, goýun, sygyr etleri we et önümleri, balyk, towuk we bedene ýumurtgalary, tüwi, mäş, noýba, un, ýag, süýji önümleri öz ýurdumyzda ýetişdirilen banan, hurma, limon, apelsin, mandarin sitrus miweleri, alma, armyt, şetdaly, garaly, saraly, üzüm, gawun, garpyz, kädi, ýeralma, sogan, käşir, kelem, gök otlaryň dürli görnüşleri, arahis ýaly ýokary hilli harytlar ilatyň azyk önümlerine bolan islegini doly kanagatlandyrýar.
Hormatly Prezidentimiziň halkymyz hakyndaky aladalary mähriban Watanymyzyň abadançylygyny, adamlaryň bagtyýar durmuşyny has-da ösdürmäge gönükdirilendir. Goý, halkynyň abadan, bolelin ýaşaýşy üçin aladalanýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun, alyp barýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

Sähet HOJAGELDIÝEW.
“Maru — şahu jahan”.