Wagyz-nesihat çäresi
03.02.2021
Golaýda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hem-de Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň guramagynda 2021-nji ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylmagy mynasybetli “Bagtyýar biz Arkadagly Watanda” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Ady agzalan orta hünär okuw mekdebinde geçirilen çäräni TKA-nyň welaýat birleşmesiniň baş hünärmeni Eziz Meredow açdy hem alyp bardy. Çärede TKA-nyň Murgap etrap birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Gurbanmuhammet Muhammetorazow, ylym we bilim işgärleriniň KAIG-nyň başlyklarynyň Türkmengala etrap geňeşiniň başlygy Atamyrat Ýagşyýew, Mary şäheriniň 2-nji saglyk öýüniň şepagat uýasy Gülälek Kadyrowa, Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Bägül Ataýewa, Mary etrabyndaky 8-nji orta mekdebiň mugallymy Muhammet Allakuliýew çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda dost--doganlyk, watansöýüjilik, parahatçylyk we ynanyşmak gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde giň gerime eýe bolýandygy dogrusynda gürrüň etdiler. Şeýle-de, häzirki wagtda howanyň düzüminiň üýtgemegi sebäpli, agyz-burun örtügini dakynmak, 2 metr aralygy saklamak we arassaçylyk düzgünlerini doly we dogry berjaý etmek dogrusynda durlup geçildi.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Diýarymyzy gülledip ösdürmekde, ähli ulgamlarda uly üstünlikleri gazanmakda döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli işlerinde rowaçlyklaryň ýar bolmagyny arzuw etdiler!
Şemşat SAÝLYÝEWA.
“Maru — şahu jahan”.
SURATLARDA: wagyz- -nesihat çäresinden pursatlar.
Suratlary düşüren Şamyrat AMADOW.