Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

TÄZE MEKDEP

01.12.2020

Bilimler we talyp ýaşlar güni welaýatymyzyň Tagtabazar etrabynyň Sandykgaçy geňeşliginiň Oktýabr obasynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda iki gatdan ybarat bolan, 320 okuwça niýetlenilen täze orta mekdebiň açylyş dabarasy boldy. Welaýatymyzyň düýpli gurluşyk müdirliginiň buýurmasy esasynda gurlan bu mekdep “Erkin zähmet” hususy kärhanasynyň gurluşykçylary tarapyndan bina edildi. Mekdebiň öňündäki meýdançada okuw binasynyň açylmagyna bagyşlanan dabara ýokary ruhubelentlige beslendi. Dabarada etrap medeniýet bölüminiň “Pendi nagmalary” aýdym-saz folklor toparynyň ussatlary aýdym aýdyp, tans edip, oňa gatnaşyjylara ruhy lezzet paýladylar. Dabarada gujurly gurluşykçylara milli Liderimiziň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Soňra hormatly myhmanlar, etrabyň il sylagly ýaşululary, mährem eneleri, bilim işgärleri, täze mekdebiň mugallymlarydyr okuwçylary, ene-atalar mekdebiň synp otaglaryna aýlanyp, olarda döredilen şertler bilen ýakyndan tanyşdylar. Mekdep jaýynda okuw otaglarynyň 51-si bolup, olar döwrebap kompýuter enjamlary, interaktiw hem-de multimediýa tagtalary we beýleki okuw-görkezme esbaplary bilen enjamlaşdyrylypdyr.

Mekdepde enjamlaşdyrylan sport zalynyň 2-si bar. Olarda sportuň dürli görnüşlerinden türgenleşik geçjek çagalar sagdyn bedenli, ruhubelent ösüp ýetişerler. Täze mekdebiň zähmet okuwy otaglarynda okuwçy oglanlardyr gyzlar zähmet işlerini öwrenerler. ªonuň ýaly-da, mekdep binasynyň ýanaşyk ýerinde okuwçylara zähmet endiklerini öwretmek üçin döwrebap ýyladyşhana gurlup, onda okuwçylaryň kömegi bilen dürli güller ýetişdiriler.
Täze mekdep jaýynda 2020—2021-nji ýylyň 1-nji sentýabry — Bilimler we talyp ýaşlar güni kalby hyjuwly okuwçy ýaşlar “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” diýen at bilen täze okuw ýylynyň ilkinji sapagyna gatnaşdylar.

Çary AMANGELDIÝEW.
“Maru — şahu jahan”.
SURATLARDA: täze mekdep binasynyň açylyş dabarasyndan pursatlar.
Suratlary düşüren awtor. (suratlary 03.09.2020)