Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Halkyň ýürek buýsanjy

06.01.2022

Hormatly Prezidentimiz “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip atlandyrylan Täze ýylyň ilkinji iş saparyny tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki hatarda durýan “Galkynyş” gaz käninden başlady. Milli Liderimiz bu iş saparynyň dowamynda gazçylaryň, geologlaryň, burawlaýjylaryň alyp barýan döwletli işleri bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz Ýolöten etrabynyň “Azatlyk” daýhan birleşiginiň öri meýdanlarynda hem bolup, maldarlaryň hal-ýagdaýy bilen gyzyklandy.
Döwlet Baştutanymyzyň Şa gadamyndan ruhlanan, ýürekleri galkynan ildeşlerimiz milli Liderimiz tarapyndan özleri hakynda edilýän aladalar, döredilýän şertler üçin öz ýürek buýsançlaryny şeýle beýan etdiler.

Guwanjymyzy goşalandyrdy
“Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip atlandyrylan täze ýylymyzyň ilkinji günlerinde hormatly Prezidentimiziň gadymy Mary topragyna iş sapary il-günümiz bilen birlikde, biz, gazçylarda-da ýokary ruhubelentligi döretdi.
Döwlet Baştutanymyzyň täze — 2022-nji ýylyň ilkinji günlerinde “Galkynyş” gaz käninde bolup, gazçylar, geologlar, burawlaýjylar bilen iş üstünde duşuşmagy ýokarda ýatlanymyza aýdyň mysaldyr. Gahryman Prezidentimiz gazçylar bilen duşuşygynda geologiýa-gözleg, burawlaýyş işlerini mundan beýläk-de güýçlendirmek, täze nebit we gaz ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmek bilen bagly täze wezipelere ünsi çekdi. Munuň özi ýerden çykarylýan uglewodorod serişdeleriniň möçberlerini has-da ýokarlandyrmakda örän uly ähmiýete eýe bolýar. Döwlet Baştutanymyzyň biz, gazçylar hakynda edýän ýadawsyz aladalaryna döredijilikli we tutanýerli zähmetimiz bilen jogap bermek üçin ähli tagallalary edýäris. Bu taryhy waka edermen gazçylarymyzy has belent sepgitlere ruhlandyrdy. Hormatly Prezidentimiziň ömri uzak, jany sag bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaç alsyn!

Azat ANNAMUHAMMEDOW.
“Türkmengaz” Döwlet konserniniň ulaglar müdirliginiň bölüm başlygy, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty.