Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Şatlyk-şagalaň bilen

31.12.2021

Ynamly we ruhubelentlikde, täze maksatlar bilen garşylanjak Täze ýylymyzyň baýramçylygy golaýladygyça nurana ýüzler bagtyýar ýylgyryşlara beslenýär. Geçip barýan ýylymyz Watanymyzyň, halkymyzyň taryhynda şanly senelere baý bolan ýyllaryň biri hökmünde ýadymyzda galar. Ine, bu gün bolsa, bütin türkmen halky toý lybasyny geýip, maşgala baýramy hasaplanýan täze — 2022-nji — Bars ýylyny garşylaýar.
Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň döwlet Energetika institutynyň hem-de TKA-nyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda “Arkadagly ýurda Täze ýyl geldi” ady bilen baýramçylyk çäresi geçirildi. Çäre baýramçylyk lybasyny geýen “Nurana” toý mekanynda bellenilip geçirildi. Bu baýramçylyk çäresinde institutyň “Kuwwat” aýdym-saz we tans topary birnäçe aýdymdyr sazlary, tanslary bilen çykyş etdi. Talyplaryň durmuşyndan ýerine ýetirilen sahna oýunlary hem tomaşaçylarda, talyp ýaşlarda aýratyn uly täsir galdyrdy.
Baýramçylygyň dowam edýän pursadynda bolsa Aýazbabadyr Garpamyk baýramçylyk çäresine has-da öwüşgin çaýdy. Eli kümüş hasaly, ak possunly Aýazbabadyr mähirli ýylgyryşly Garpamygyň aýdan buýsançly sözleri, Täze ýyl gutlaglary bolsa, çäräniň has täsirli bolmagyna getirdi.
Çärä gatnaşyjylar Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň şatlykly wakalara örän baý bolandygyny aýdyp, geljek täze ýylyň hem rysgally, bereketli ýyllaryň biri bolmagyny arzuw etdiler.

G. BÄŞIMOWA.
SURATDA: baýramçylyk çäresinden pursat.
Surata düşüren Azym ŞEKEROW.