Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Gapymyzda ýene bir toý

29.12.2021

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda gün-günden gül açyp, ösýän Diýarymyzda toýlar goşa-goşadan gelýär. Bosagamyzda duran ýene bir baýramlaryň biri hem Täze ýyl baýramydyr. Bu baýram maşgala baýramy bolmak bilen, ol hemmelere şatlyk paýlaýar. Täze ýyl baýramy mynasybetli biziň gözel Watanymyzda uly dabaralar şatlyk-şowhun bilen bellenilip geçilýär.
Ýurdumyzda tamamlanyp barýan 2021-nji ýylymyzy taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazyp, geljek — 2022-nji ýylymyzy hem şatlyk-şowhun, uly dabara bilen garşylamagy maksat edinýän halkymyz baýramçylyk konsertlerine uly höwes bilen gatnaşýar. Şeýle konsertleriň biri Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň döwlet Medeniýet merkeziniň bilelikde guramagynda welaýatymyzdaky “Türkmeniň Ak öýi” binasynda geçirildi. Medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyş etmeginde dabaralandyrylan baýramçylyk konserti diýseň gyzykly boldy. Konsertde medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde Watanymyzy, Arkadagymyzy şeýle hem ýetip gelýän Täze ýylymyzy wasp edýän aýdymlardyr sazlar belentden-belent ýaňlandy. Şonuň ýaly-da, gözel Diýarymyzyň ussat wäşileriniň ýerine ýetirmeginde görkezilen degişme sahnalary konserte gatnaşyjylar tarapyndan gyzgyn garşylanyldy.
Şanly seneleri ýurdumyzda giňden bellemäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän milli Liderimiziň jany sag, belent başy aman bolsun! Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Şemşat SAÝLYÝEWA.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: konsertden pursat.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.