Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Il saglygy — ýurt baýlygy

16.12.2021

Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygyny goramaga we berkitmäge gönükdirilen işleri “Saglyk” Döwlet maksatnamasynda öz beýanyny tapýar. Şol maksatnamadan ugur alýan Tagtabazar etrap hassahanasynyň Düldülahyr oba saglyk merkeziniň tejribeli lukmanlarydyr şepagat uýalary yhlasly zähmetlerini gaýgyrman işleýärler. Oba saglyk merkezine tejribeli lukman Ahmet Tüňňiýew ýolbaşçylyk edýär. Bu ýere gelýän raýatlar hoş söz, güler ýüz bilen garşy alynýar. Adam saglygynyň aladasyndaky işjanly lukmanlardyr şepagat uýalary il saglygyna ýurt baýlygy hökmünde garaýarlar.

SURATDA: oba saglyk merkeziniň müdiri Ahmet Tüňňiýew işgärler bilen özara pikir alyşýar.
Surata düşüren Çary AMANGELDIÝEW.