Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

16.12.2021

Ýaş neslimiziň ylymly-bilimli bolup ýetişmeginde, olaryň bagtyýar hem abadan durmuşy ugrunda mugallymlar uly işleri amala aşyrýarlar. Ösüp gelýän ýaş nesle çuňňur bilim we asylly terbiýe bermekde janypkeş mugallymlaryň biri-de Mary etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy Şemşat Ýakubowadyr. Ol ýaş nesliň bilim--terbiýesinde millilik ýoluny ýörelge edinip, ömrümiziň dowamaty, ýokary aň-düşünjeli, sagdyn, bilim-terbiýeli nesilleri kemala getirmegi özüne borç hasaplap, tutanýerli zähmet çekýär.

SURATDA: işine yhlasly
mugallym Şemşat Ýakubowa sapak wagtynda.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.