Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Halkara Bitaraplyk güni bellenilip geçildi

16.12.2021

Hormatly Prezidentimiziň goldamagynda “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýyl diňe bir belent sepgitlere däl, eýsem, taryhy wakalara baý ýyl boldy. Ak şäherimiz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň uly toýlary şanly ýylymyzyň şöhratyna şöhrat goşdy. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Garaşsyz Türkmenistanymyzyň ösüş-özgerişli ýoly rowaç alýar.
Toýlary toýlara ulaşýan Watanymyzyň çar künjeginde dabarasy dag aşan Halkara Bitaraplyk güni — baky Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygynyň baýramçylygynyň dabarasy biziň welaýatymyzda-da şatlyk-şowhuna beslendi. Şu şanly senä bagyşlanan baýramçylyk çäresi Mary şäheriniň merkezindäki Baş baýdak meýdançasynda geçirildi. Oňa welaýat, şäher we etrap häkimlikleriniň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler we ýaşlar gatnaşdylar.
Baýramçylyk dabarasynda Marynyň Ý. Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň talyplarynyň ýerine ýetirmeklerinde ýaňlanan Döwlet senasynyň buýsançly owazy astynda Döwlet baýdagy galdyrylýar. Soňra baýramçylyk çäresinde Türkmenistanyň “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň Sakarçäge şahamçasynyň dolandyryjysy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Myrat Ogşukow, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Maksat Janmyradow, Sakarçäge etrabynyň Çerkezköl geňeşliginiň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Muhammetmyrat Hojamyradow çykyş edip, ýygnananlary şanly sene bilen gutladylar. Baýramçylyk dabarasynyň soňy Bitaraplyk gününe bagyşlanan aýdym-sazly çykyşlara utgaşdy. Medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlarynda ata Watanyň, baky Bitaraplygyň waspy ýetirildi. Tansçylaryň şowhunly tanslary baýramçylyk çäresiniň şatlyk-şagalaňyny artdyrdy.

A. BAÝRAMOW.
SURATDA: baýramçylyk çäresinden pursat.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.