Il saglygy — ýurt baýlygy
10.12.2021
Gahryman Arkadagymyzyň döredip berýän uly mümkinçiliklerinden ruhlanyp, saglygy goraýyş işgärleri janaýamazakly zähmet çekýärler. Hoş sözli, güler ýüzli şeýle lukmanlardyr şepagat uýalarynyň ençemesi Garagum etrabynyň Şatlyk geňeşligindäki oba saglyk merkezinde hem zähmet çekýär. Olar saglyk merkezine gelýän oba adamlaryna keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny wagtly-wagtynda geçirýärler.
— Lukman Arkadagymyzyň bimöçber tagallalarynyň netijesinde saglyk ulgamynda hem uly üstünliklere eýe bolunýar. Şeýle guwandyryjy ösüşler saglyk ulgamynyň işgärleri hökmünde bizi aýratyn buýsandyrýar we has-da joşgunly işlemäge ruhlandyrýar. Biz kärdeşlerimiz bilen maslahatly, agzybir işläp, şeýle hem edýäris. Biziň bilelikdäki tagallalarymyz özüniň oňyn netijesini hem berýär. Oba saglyk merkezimize ýüz tutup gelýänler bizden hoşal bolup gidýärler. Olaryň alkyşly sözleri bolsa biziň zähmetimize berilýän mynasyp bahadyr — diýip, saglyk merkeziniň müdiri, hünärine ussat maşgala lukmany Abdulla Seýidow gürrüň berýär.
Öňdebaryjy maşgala lukmanlary Oguljennet Kakajanowa, Aýjeren Öwezgeldiýewa, Usen Mingelow, şepagat uýalary Ogulsona Babajykowa, Ogulhally Babakowa, Gunça Ataýewa, Patma Nuryýewa raýatlaryň saglygyna gözegçilik edip, olar bilen ýokanç kesellere garşy göreş barada täsirli gürrüňleri geçirip durýarlar. Şeýle-de, oba saglyk merkezinde diş lukmany Merdan Öwezow, akuşer-ginekolog Aýnur Töräýewa, sanjym şepagat uýalary Gurbanjemal Orazmyradowa, Dünýägözel Halmyradowa oba ýaşaýjylaryna yhlasly hyzmat etmek bilen ynsan saglygyny örän belentde goýýandyklaryny äşgär edýärler.
G. BÄŞIMOWA.
SURATDA: saglyk merkeziniň müdiri Abdulla Seýidow işgärler bilen özara pikir alyşýar.
Surata düşüren Çary AMANGELDIÝEW.