Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Il saglygy — ýurt baýlygy

10.12.2021

Ajap eýýamymyzda hormatly Prezidentimiz halkyň saglygyny goramaga we berkitmäge gönükdirilen giň möçberli işlere badalga berýär. Il-gün bähbitli şeýle tagallalar halkymyzyň saglykda tutanýerli zähmet çekmegine ýardam edýär. Halkyň saglygyny berkitmekde ýurdumyzyň çar künjeginde il-günümize ýokary hilli hyzmatly şypahanalaryň durky täzelenip, olarda ildeşlerimiz dynç alyp, saglyklaryny dikeldýärler.
Şeýle şypahanalaryň birem Mary DES-iniň garamagyndaky “Melhem” şypahanasydyr. Garagum derýasynyň kenarynda ýerleşýän bu şypahana sözüň doly manysynda melhemler mekanydyr. Bu ýerde eli ýeňil lukmanlardyr şepagat uýalary dynç almaga gelýänleri güler ýüzli garşylap, olaryň saglyklaryny berkitmekleri ugrunda aladalanýarlar. Adyndan, mälim bolşy ýaly, bu şypahanada berilýän dürli görnüşli bejergiler müşderileriň gowy dynç alyp, saglyklaryny dikeltmeklerine oňyn täsirini ýetirýär. Bu ýerde daýanç-hereket ulgamlarynyň, dowamly bruselýoz keseliniň remissiýa döwrüniň, guragyry, nerw ulgamynyň funksional we sowuklama, deri we dem alyş ulgamynyň keselleri bejerilýär. Şeýle hem şypahanada aýallaryň we erkekleriň jyns ulgamynda duş gelýän keselleriň bejerilmeginde-de bähbitli işler bitirilýär.
— Arkadag Prezidentimiziň halkyň saglygyny goramaga we berkitmäge gönükdirilen tutumly işleriniň rowaçlanýandygyna şypahanamyzyň mysalyndan göz ýetirmek bolýar. Şypahanamyzda dynç alýanlaryň ýokary hilli bejergi almaklaryna ähli zerur şertler bar. Palçyk, sauna, tokly bejergileri ýola goýlup, owkalama, bedenterbiýe otaglary müşderimiziň hyzmatynda. Bu ýerde kemsiz dynç alyp, saglyklaryny dikeldýän ildeşlerimiziň alkyşly sözleri bizi täze üstünliklere ruhlandyrýar — diýip, şypahananyň başlygy Bäşim Ýarekow gürrüň berýär.
110 orunlyk bu şypahanada adamlara edilýän hyzmatyň hili döwrüň talabyna laýyklykda ýola goýlup, terapewt lukman Çarymyrat Hojanepesowyň, bedenterbiýe otagynyň şepagat uýasy Orazgül Nazarowanyň yhlas-tagallalary saglygyny dikeldýän ildeşlerimiziň alkyşly sözlerine mynasyp bolýar. Şeýle alkyşly sözlerden ruhlanyp, zähmet çekýän tok bilen bejeriş otaglarynyň şepagat uýalary Ogulşeker Gurbanowanyň, Enejan Ýaýlymowanyň, Bahar Akmyradowanyň hyzmatlary ýerine düşýär.

Baýram AMANOW.
“Maru — şahu jahan”.
SURATLARDA: şypahananyň durmuşyndan pursatlar.
Suratlary düşüren Şamyrat AMADOW.