Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygyna

10.12.2021

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Arkadag Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň her bir güni taryhy wakalara, şanly senelere, toýdur baýramlara beslenýär. Şeýle bagtyýarlygyň saýasynda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda halkymyzyň bolelin, eşretli ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.
Ýakynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygynyň toýy mynasybetli “Türkmeniň ak öýi” binasynda welaýat häkimliginiň medeniýet müdirligi bilen bilelikde guramagynda “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen ýylymyzda medeniýet işgärleriniň baýramçylyk konserti geçirildi. Konsertde şirinden-şirin aýdymlar ýaňlandy. Şol sanda, bu dabarada goňşy döwletleriň aýdymlarydyr tanslary medeniýet işgärleri tarapyndan uly buýsanç bilen ýerine ýetirildi. Bu bolsa türkmen halkynyň dost-doganlyk gatnaşyklaryna uly hormat goýýandygynyň nyşanydyr. Her ýyl uly dabara bilen bellenilip geçilýän hemişelik Bitaraplygymyzyň baýramy bu ýylda-da uly şatlyk-şowhun bilen ýurdumyzyň ähli künjeginde giňden bellenilip geçiler.

Şemşat SAÝLYÝEWA.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: baýramçylyk konsertinden pursat.
Sutara düşüren Azym ŞEKEROW.