Welaýat zenanlar bölüminde
02.02.2021
Zenan sarpasy belende göterilýän Arkadagly ýurdumyzda türkmen zenanlarynyň bagtyýar ýaşamagy, ruhubelent, joşgunly zähmet çekmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle eşretli, döwletli döwranyň hözirini görüp ýaşaýan gyz-gelinlerimiziň arasynda dürli bäsleşikler guralýar.
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitabyny wagyz etmek, onuň many-mazmunyny her bir zenana, her bir maşgala ýetirmek maksady bilen «Gahryman Arkadagyň kitaby umumadamzat gymmatlygydyr» ady bilen bäsleşik yglan edildi.
Geçen penşenbe güni welaýatymyzdaky «Türkmeniň Ak öýi» binasynda bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa welaýatymyzyň şäherdir etraplarynyň dürli ulgamlarda zähmet çekýän zenanlar uly höwes bilen gatnaşdylar. Bäsleşik üç şertden, ýagny, eziz Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitabynyň Aşgabat şäherine we welaýatlara degişli sahypalaryndan bir parçany labyzly, kalbyňa ornar ýaly okamakdan ýa-da ýatdan aýtmakdan, kitapdaky rowaýatlardan we wakalardan bir pursady ussatlyk bilen sahnalaşdyrmakdan, bu ajaýyp eseriň halka gowuşmagynyň şanyna toý tutmakdan we kitabyň galdyran täsirlerini buýsançly beýan etmekden hem-de kitaba bagyşlanan aýdymdyr kyssanyň ýa-da goşgynyň üsti bilen ony wasp etmekden ybarat boldy.
Milliliklerimizi şöhlelendirýän bezemen sahnada biri-birinden joşgunly çykyş eden zenanlar Arkadag Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly gymmatly eserini şertler boýunça giňişleýin beýan etdiler. Bäsleşigiň dowamynda welaýatymyzyň zenan sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna hem giň orun berildi.
Netijede, has tapawutly çykyş eden zenanlar belli boldy we ýeňijiler yglan edildi. 1-nji orna Mary etrap merkezi kitaphanasynyň bölüm müdiri Gülbahar Nazarowa, 2-nji orna welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy Göwher Ataýewa, 3-nji orna bolsa Ýolöten etrabynyň Goýunjy geňeşliginiň Gadyr oba medeniýet öýüniň müdiri Ýazsoltan Gurdowa mynasyp boldular.
Şeýlelik-de, 1-nji, 2-nji orunlara mynasyp bolan ýeňijiler bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňijilere TKA-nyň welaýat birleşmesiniň gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Bahargül MEJIDOWA.
«Maru — şahu jahan».
TZB-niň işjeň agzasy.
SURATLARDA: bäsleşigiň
geçişinden pursatlar.
Suratlary düşüren
Şamyrat AMADOW.