Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Berjaý eden ýagşy

04.12.2021

Mähriban ildeşler, howa şertleriniň üýtgemegi, gyş paslynyň gelmegi bilen Ýer ýüzünde ýüze çykýan ýiti ýokanç keseliň öňüni almak üçin biz — lukmanlar tarapyndan düşündirilýän, aýdylýan arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmegiňiz hökmandyr. Çünki, keseli bejereniňden onuň öňüni alanyň ýagşydyr. Şol maksat bilen şu aşakdaky düzgünleri dogry we doly ýerine ýetirmegi unutmaň!
Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap durmaly ýa-da bolmasa, ýanyňyz bilen antiseptiki serişdeleri göterip, olary yzygiderli ulanmaly.
Agyz-burun örtügini kadaly dakynmaly.
Iş we öý otaglaryny ýelejiredip durmaly. Otaglaryň arassaçylygyny berk gözegçilikde saklamaly.
Ýygy-ýygydan üzärligi tütetmeli.
Pasyla görä geýinmegi başarmaly.
Türkmen milli tagamy bolan unaşa gyzyl burç atyp iýseňiz, has-da göwnejaý bolar.
Oksolin mazyny peýdalanmak zerurdyr.
Sowuk suwdan, sowuk iýmitden peýdalanmaly däl. Olary öý howasynda saklap, ondan soň iýmegi hem-de içmegi unutmaň!
Miweleri gowy ýuwup iýmeli.
Köpçülik ýerine baranyňyzda, 2 metr aralygy saklamaly.

Ylýasguly HANGELDIÝEW.
Welaýat onkologiýa hassahanasynyň bölüm müdiri, TDP-niň işjeň agzasy.