Wagyz-nesihat çäreleri
04.12.2021
Bedew bady bilen öňe barýan Diýarymyzda gyz-gelinlerimiziň edep-ekramly bolmagy ugrunda birnäçe işler alnyp barylýar. Olaryň edepli, ahlak taýdan arassa ýaş nesiller bolup kemala gelmegi ugrunda aladalanyp, mährem enelerimiziň, mugallymlaryň gatnaşmagynda wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli guralýar.
Şeýle çäreleriň biri ýakynda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hem-de Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde guramagynda şol mekdebiň talyp gyzlarynyň gatnaşmagynda “Zenan edebiniň zynaty” ady bilen geçirildi. Çäräni H. Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy Amanmuhammet Nuryýew açdy. Onda TKA-nyň Şatlyk şäher birleşmesiniň başlygy Gurbanmuhammet Babaýew, Mary etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary, “Zenan kalby” ordeniniň eýesi Aksoltan Baýramowa, suratkeş Annajemal Orazowa, hem-de ýokarda adyny agzan mekdebimiziň taryh mugallymy Mähri Halmuhammedowa, mekdebiň 1-nji ýyl talyby Göwher Nagmatgeldiýewa çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda ýurdumyzda zenanlarymyza goýulýan belent sarpa, uly hormat-sylag dogrusynda durup geçdiler. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň käbesi Ogulabat ejäniň zenanlarymyza görelde mekdebi bolup durýandygy barada nygtadylar. Gahryman Arkadagymyzyň “Enä tagzym — mukaddeslige tagzym” atly kitabynda hem türkmen zenanlaryna goýulýan belent sarpa dogrusynda uly buýsanç bilen bellediler.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar mährem enelerimize uly sarpa goýýan milli Liderimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Şemşat SAÝLYÝEWA.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: çäreden pursat.
Surata düşüren Azym ŞEKEROW.