TDP-niň 30 ýyllygyna
04.12.2021
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynda amala aşyrylan ägirt uly işler we ýaýbaňlandyrylan özgertmeler türkmen döwletiniň özboluşly ösüş ýörelgeleriniň dabaralanmasyna öwrüldi. Bu beýik ýeňişleriň netijesinde asyrlara barabar ösüşler gazanyldy. Bu rowaçlyklaryň gözbaşy, gönezligi milli Liderimiziň il-ýurt bähbitli beýik işleriniň oňyn netijesindedir, halkymyzyň zähmetsöýerligindedir, ruhubelentligindedir, watançylygyndadyr hem-de halallygyndadyr we agzybirligindedir.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygynyň senesi bilen gabat gelmegi partiýa agzalaryny has-da guwandyrýar hem-de mundan beýläk-de döredijilikli we netijeli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzy, milli bitewiligimizi pugtalandyrmakda, döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny wagyz etmekde, türkmen jemgyýetinde täze demokratik we hukuk dünýägaraýşyny kemala getirmekde, agzybirligi, jebisligi, ylalaşygy berkitmekde, watandaşlarymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrmakda ýurdumyzda hereket edýän beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bir hatarda TDP-niň hem mynasyp paýy bar.
Bu geçen döwürde partiýamyz özüniň maksatnamalaýyn we tertipnamalaýyn wezipelerine laýyklykda, raýat ylalaşygyny üpjün etmek, halkymyzda ýagty geljegimize, eziz Watanymyzyň rowaçlygyna bolan ynamy döretmek, türkmen jemgyýetinde täze demokratik we hukuk gatnaşyklaryny kemala getirmek, syýasy-düşündiriş, wagyz-nesihat işlerini alyp barmak ýaly jogapkärli wezipeleri amala aşyrmak bilen, jemgyýetçilik durmuşyndaky ornuny has-da pugtalandyrdy. Türkmenistanyň Demokratik partiýasy Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli, parasatly syýasatyny özüniň baş ýörelgesi edinýär.
Şatlyk MÄMETNIÝAZOW.
TDP-niň Garagum etrap komitetiniň başlygy.