Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Zähmet adamsynyň waspy

04.12.2021

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Arkadag Prezidentimiziň özleri hakyndaky aladalaryndan, taýsyz tagallalaryndan göwünleri galkynyp, ruhubelentlige beslenen welaýatymyzyň işbaşarjaň, zähmetsöýer daýhanlary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň baýramynyň uly dabaralara, şöhratly wakalara beslenen Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda ýokary zähmet görkezijilerini gazanmagy başardylar.
Öz ykbalyny bereketli topraga baglap, oňa hyzmat etmegiň nusgalyk derejesini görkezýän tutanýerli, tejribeli, ussat daýhanlaryň biri-de Gurbangeldi Hasanowdyr. Ýeri eý görýän, ýeriň diline düşünýän, zandy daýhan Gurbangeldi Murgap etrabynyň “Çäçdepe” daýhan birleşiginiň kärendeçi daýhany bolup, biregne 35 ýyldan köpräk wagt bäri yhlasly zähmet çekip gelýär. Ökde kärendeçileriň hatarynda adygan Gurbangeldi Hasanow bilen biz ýaňy-ýakynda onuň ekin ýerinde gabatlaşdyk.
— Men özüme degişli 25 gektar meýdandan ýylyň-ýylyna pagtadan, bugdaýdan, şugundyrdan bol hasyl ýetişdirip, Watan harmanyna mynasyp goşant edýärin. 2020-nji ýylda bolsa maşgala agzalarym bilen maslahat edip, bar bolan 25 gektar kärende ýerimi şertnama esasynda 99 ýyllyk möhlet bilen ulanmak üçin kärendesine aldym. Geçen ýyllaryň netijeleri boýunça şu ýyl Hasyl toýunyň öňýanynda, hormatly Prezidentimiziň Permany bilen maňa-da uly döwlet sylagy — Türkmenistanyň “Watana bolan söýgüsi üçin” medaly gowşuryldy. Halal zähmetime berlen ýokary baha meni geljekki üstünliklere ruhlandyryp, öňküdenem yhlasly, döredijilikli zähmet çekmäge borçly edýär. Şonuň üçinem ähli başarnygymy, tutanýerli zähmetimi toý saçaklarymyzyň berekedi bolan dürli oba hojalyk önümlerini köp öndürmäge, her gektaryň hasyllylygyny artdyrmaga çalyşýaryn — diýip, Gurbangeldi Hasanow gürrüň berýär.
Ussat kärendeçi öz ekin ýerine ädimme- -ädim belet bolansoň, haýsy ýerde nähili ekini ekseň nähili hasyla garaşyp bolýandygyny bilýär. Ol bar aladasyny suwy, organiki we mineral dökünleri ýerlikli ulanyp, ene topragy aýawly saklamaga gönükdürýär. Ýeriň hasyllylygyny artdyrmak üçin ekin dolanyşygy usulyny ornaşdyryp, ekinleri gezekleşdirip ekýär. Kärende ýeriniň 10 gektaryna gowaça ekip, şertnamalaýyn borçnamasyny 142 göterim ýerine ýetiren Gurbangeldi aga geljek ýylyň hasyly üçin ekilen güýzlük bugdaýyň 11 gektarynda gowy gögeriş alyp, onuň idegini ýetirýär. 1 gektar meýdana ekilen süýjülik ekin bolan şugundyr bol hasyl getiripdir.
Gurbangeldi Hasanowa ýanýoldaşy Nurjemal gelneje, ogly Aşyr, gyzlary Merjen, Selbi, gelinleri Gülnar, Merjen dagy her bir işde ýakyn ýardamçy bolýarlar. Olaryň agzybirlikli çeken zähmeti bilen kärende ýerinde ýetişdirilen bag bolsa zähmetsöýer maşgalanyň göz guwanjy saýylýar. Saýlama, sapma miweli nahallardan alma, armyt, erik, garaly, saraly, alça, ülje görnüşleri ekilip, olara eýegözin ideg edilýär. Baglaryň töwerege görk berip, miwe getirip başlanlary-da, ýaşajyk, şu ýyl oturdylanlary-da bar. Gojaman Murgap derýasynyň kenaryna aýratyn bezeg berip oturan bu baglyk daýhan zähmetiniň miwesi.
Şeýle-de, Gurbangeldi aga daýhançylyk işiniň daşyndan balaryçylyk käri bilen meşgullanyp, müň derdiň dermany bolan ary balyny öndürip, azyk bolçulygyna öz mynasyp goşandyny goşýar.

Sähet HOJAGELDIÝEW.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: ekin meýdanyndan iş pursaty.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.