Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Welaýat zenanlar bölüminde

04.12.2021

Ýakynda welaýat häkimliginde welaýat zenanlar bölüminiň guramagynda «Arkadagyň bagtyýarlyk zamanasy: zenan mertebesi, maşgala mukaddesligi, döredijilikli zähmet — bagtly durmuşyň gözbaşy» ady bilen maslahat geçirildi. Oňa welaýat, etrap, şäher zenanlar bölümleriniň başlyklary we işjeň agzalary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, bilim, saglyk, medeniýet ulgamlarynda zähmet çekýän gelin-gyzlar we mährem eneler gatnaşdylar.
Maslahaty welaýat häkiminiň orunbasary, welaýat zenanlar bölüminiň başlygy Aknabat Atabaýewa alyp bardy. Welaýat häkiminiň orunbasary maslahatda çykyş edip, Arkadagly ýurdumyzyň zenanlary üçin beýik işleriň durmuşa geçirilýändigini uly buýsanç bilen aýtdy. Şeýle hem maşgala mukaddesligini gorap saklamak, türkmen zenanlarynyň el işlerini ösdürmek, milliliklerimizi okuwçy hem-de talyp gyzlaryň arasynda yzygiderli wagyz etmek dogrusynda durup geçdi.
Soňra bu ýerde Baýramaly şäherindäki 3-nji orta mekdebiň mugallymy Akjagül Babakulyýewa, welaýat häkimliginiň ýanyndaky raýat ýagdaýynyň namalar ýazgylary bölüminiň başlygy Güljemal Meredowa çykyş etdiler. Çykyşlarda maşgala binýadyny berkitmek, çaga terbiýesine üns bermek, döredijilikli zähmet çekmek, zenan bagtyýarlygyny dabaralandyrmak hakynda gürrüň edildi. Maslahatda welaýatymyzdaky «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň müdiri, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Güljahan Çarykulyýewa hem öz çykyşynda Türkmenistanda «Ene mähri» diýen hormatly ada eýe bolan zenanlara kanun arkaly berilýän durmuş üpjünçilik hyzmatlarynyň geriminiň has-da ýaýbaňlanýandygyny we bular babatda ýene-de Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizilendigini belläp geçdi.
***
TZB-niň welaýat zenanlar bölümi hem-de welaýatyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda Wekilbazar etrabynyň Mollanepes şäherçe medeniýet öýünde bolan maslahat «Hormatly Prezidentimiziň: «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgesi dabaralanýar» diýlip atlandyryldy. Oňa welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri hem-de işjeň agzalary, «Ene mähri» diýen hormatly adyň eýeleri we kümüş saçly eneler gatnaşdylar. Maslahatda TDP-niň welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Kakageldi Gurbanow, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Maksat Janmyradow, TDP-niň Wekilbazar etrap komitetiniň başlygy Tawus Gylyjowa, TKA-nyň Baýramaly şäher birleşmesiniň başlygy Oguljennet Agaýewa, Mary etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy, «Zenan kalby» ordeniniň eýesi Aksoltan Baýramowa, etrap medeniýet merkeziniň tans goýujysy Bibijemal Yslamowa, «Ene mähri» diýen hormatly adyň eýeleri — etrabyň Rysgally geňeşliginiň ýaşaýjysy Bibi Öwezdurdyýewa, J. Atajanow adyndaky geňeşliginiň ýaşaýjysy Çemen Nuryýewa çykyş etdiler. Olar Arkadagly Watanymyzda zenan mertebesiniň gün-günden belende göterilýändigini, sekiz we ondan köp çagaly enelere döwlet tarapyndan ýeňillikleriň döredilýändigini, maşgala bagtyýarlygynyň zenanlara bagly bolup durýandygyny nygtap-nygtap bellediler.
***
Şeýle maslahat Wekilbazar etrap zenanlar bölümi tarapyndan hem guramaçylykly geçirildi. Onda zenan durmuşy bilen baglanyşykly ýerine ýetirilmeli işler hem-de zenanlaryň bagtyýar ýaşaýşy üçin döredilýän mümkinçilikler dogrusynda çykyşlar boldy.

Bahargül MEJIDOWA.
«Maru — şahu jahan», TZB-niň işjeň agzasy.
SURATDA: maslahatdan pursat.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.