Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Sport syýasatynyň gadamlary

27.11.2021

Bilşimiz ýaly, ynsanyň janynyň saglygy onuň bahasyna ýetip bolmajak baýlygydyr. Başymyzyň saglygy, maşgalamyzyň abadançylygy bagtly günleriň gözbaşy bolup hyzmat edýär. Şular ýaly ýörelgelerden ugur alýan hormatly Prezidentimiz hem güneşli Diýarymyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge, halkymyzy köpçülikleýin sporta çekmäge uly ähmiýet berýär. Sebäbi, sport bilen meşgullanmak diňe halkymyzyň saglygyny goramak bilen bagly bolman, eýsem, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini hem öňe sürmek bilen bagly bolup durýar.
Biziň etrabymyzda hem döwrebap sport mekdepleri bolup, olarda sportuň dürli görnüşi bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikler bar. Bu sport mekdeplerinde sport bilen meşgullanýanlaryň sany ýylsaýyn artýar. Biz, tälimçiler hem türgenleriň özleriniň saýlap alan ugurlary boýunça kämilleşmegi ugrunda aladalanýarys. Olaryň sporta içgin aralaşmaklaryna hem-de geljekde ýaryşlarda uly ýeňişleri gazanmaklaryna ynam döredýäris.
Sport bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!

Aýnäzik ÇARYÝEWA.
Mary etrabynyň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň tälimçi mugallymy.