Bilimli nesil — kuwwatly Watan
27.11.2021
Ýaş nesliň sagdyn bedenli, ylymly-bilimli, giň gözýetimli, akylly-paýhasly bolmagy ugrunda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň saýasynda ençeme amatly mümkinçilikler döredilýär. Şeýle ajaýyp mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýan ýurdumyzyň orta mekdeplerinde ýaş nesli döwrümiziň talaplaryna laýyk terbiýeläp ýetişdirmekde, yhlasly zähmet çekýän mugallymlaryň görelde görkezýänleri sanardan köp. Şeýle mugallymlaryň yhlasly zähmeti bilen berilýän bilim ýaşlaryň zehinli bolup ýetişmegine uly itergi berýär.
Çagalar üçin ilkinji başlangyç bilimiň ähmiýeti örän uludyr. Çünki, başlangyç bilim olaryň aň-düşünjesiniň baýlaşmagyna uly ýardam berýär. Bu babatda mugallymlar özleriniň ýeňil bolmadyk kärlerinde yhlasly zähmet çekýärler we oňat netijeleri gazanýarlar. Şeýle zähmetsöýer mugallymlaryň biri hem Gülşat Akmämmedowadyr. Ol Serhetabat etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy bolup, ýaş nesle döwrebap bilim bermekde yhlasyny gaýgyranok.
G. Akmämmedowa 2008--nji ýylda H.Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň başlangyç synp we geografiýa mugallymy hünärini üstünlikli tamamlady. Ol 13 ýyldan bäri asylly käriň eýesi bolup, kärdeşleriniň arasynda uly abraýdan peýdalanýar. Iş başarjaňlygy, ugurtapyjylygy bilen beýlekilere-de görelde bolup durýar. Işine ussat mugallym häzirki wagtda 1-nji synp okuwçylarynyň 27-sine döwrebap bilim we terbiýe berýär.
Gülşat mugallym ýaş nesliň döwrebap bilim almagy we okuwçylaryň harplary tanap, ýazmagy, bogna bölüp okap, öwrenmegi ugrunda janaýaman işleýär. Ol çagalaryň zehinini ýüze çykarmakda, başlangyç bilimi ýokary derejede bermekde uly işleri alyp barýar.
Ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, ýaş nesilleriň sagdyn jemgyýetde kemala gelmegi ugrunda irginsiz aladalanýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! Goý, Gahryman Arkadagymyzyň bilim ulgamynda alyp barýan beýik başlangyçlary mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Akmaýa HOJANYÝAZOWA.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: başlangyç synp mugallymy Gülşat Akmämmedowa iş wagtynda.
Surata düşüren Çary AMANGELDIÝEW.