Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

“Ak altyn” — 2021

27.11.2021

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny kämilleşdirmekde ençeme işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň daşary ýurtlardan alyp berýän tehnikalary hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda kärendeçilerimiziň halal zähmetinden emele gelen pagta hasylyny isrip etmän ýygnap almak esasy aladalaryň biri bolup durýar. Şol zaýasyz ýygnalan pagtalar pagta kabul ediş harmanhanalaryna tabşyrylýar.
Türkmengala etrap pagta arassalaýjy kärhanasynyň harmanhanasynda hem işler gyzgalaňly barýar. Harmanhanada etrabyň Kemine adyndaky, “Ýeňiş”, “Täze ýol” şeýle-de, “Türkmenistan” daýhan birleşikleriniň zähmetsöýer kärendeçileriniň pagta hasyllaryny kabul edip alýarlar. Harmanhananyň işgärleri kerwen gurap gelýän pagta hasylyny hem-de kärendeçileri güller ýüz bilen garşy alýarlar.
Oba hojalyk pudagyny ösdürmekde taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri rowaç alsyn!

Ş. GURBANGELDIÝEWA.
SURATDA: harmanhananyň işçileri Yhlas Durdyýew, Merdan Ärnyýazow we pagta sortlaýjy Nurgeldi Paýzyýew iş wagtynda.
Surata düşüren Azym ŞEKEROW.