Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Welaýatymyzda Hasyl toýy dabaraly bellenildi

19.11.2021

Garaşsyzlyk ýoly, Bitaraplyk ýörelgesi, bedew bady bilen belent sepgitleri nazarlaýan Diýarymyzyň beýik ösüşlerine oba hojalykçylarymyz hem öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda, ömrüni daýhançylyga bagyşlan gallaçylar, pagtaçylar, gök ekerançylar, maldarlar, oba hojalyk pudagynyň agzybir işgärleri, Berkarar döwletimiziň azyk bolçulygynyň binýadyny has-da pugtalandyrýarlar. Arkadag Prezidentimiziň tagallasy bilen ösen innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan kärhanalar işe girizilip, mähriban Diýarymyzyň agrar ýurtdan senagat taýdan ösen döwlete öwürmek üçin uly işlere özleriniň goşantlaryny goşdular.
Ýurdumyzyň beýik Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna uly dabaralar bilen şöhratlanan hem-de bütin adamzady parahatçylyga we ynanyşmaga çagyran şu ýyl buýsançly wakalara beslenýär. Welaýatymyzyň zähmetsöýer, edermen babadaýhanlary döwlet harmanyna 345 müň tonnadan gowrak guşgursak bugdaýy, 365 müň tonnadan gowrak “ak altyny”, şeýle-de, maldarçylyk, gök-bakja, miwe, azyk we beýleki önümleri artygy bilen tabşyryp, Hasyl toýuna mynasyp sowgatly geldiler.
Giňden tutulan Hasyl toýunyň dabarasy “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanynda geçirildi. Bu toýa welaýatymyzyň welaýat, etrap, şäher häkimlikleriniň jogapkär işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, oba hojalyk toplumynyň öňdebaryjylary, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, myhmanlar gatnaşdylar. Şatlyk-şowhuna beslenilip, dabaraly bellenilen Hasyl toýunyň geçirilýän ýerinde Arkadag Prezidentimiziň daşary ýurtlardan satyn alyp beren kämil tehnikalarynyň, iş gurallarynyň göni hatarlary töwerege gözellik paýlaýar. Oba hojalyk pudagynda ýetişdirilýän galla, pagta, maldarçylyk, gök-bakja, miwe, ir-iýmiş we beýleki önümleriň gözegelüwli sergisi toýa bezeg berýär.
Milli şaý-seplerimiziň, zähmet we saz gurallarymyzyň, goýun ýüňünden taýýarlanylan meşhur keçelerimiziň, dokalan haly we haly önümlerimiziň, milliligimize degişli gadymy medeni gymmatlyklarymyzyň ajaýyplyklara beslenen sergileri dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Türkmeniň göz guwanjy bolan alabaýlaryň, buýsanjyna öwrülen bedewleriň, bezelen düýeleriň, goýundyr geçileriň täsin görnüşi toýa gelenleri haýrana goýdy.
Gahryman Prezidentimiziň gymmaty egsilmejek eserleriniň sergisi, toý dabarasyna gatnaşanlara hödürlenen melhemlik çaýlar toý märekesiniň buýsanjyny goşalandyrdy. Döredijilik, teatr we sungat işgärleriniň taýýarlan sahna çykyşlary we kompozisiýalary tomaşaçy märekede şowhun-şatlyk dabarasyny artdyrdy. Merkezi sahnada medeniýet we sungat ussatlarynyň, bagşy-sazandalaryň, artistleriň çykyşlary uzaklara ýaň salyp, toý dabarasyny has-da belende galdyrdy. Hasyl toýunyň dowamynda zähmetde tapawutlanan, işine ussat oba hojalyk işgärlerine dabaraly ýagdaýda gymmat bahaly toý sowgatlary gowşuryldy. Giňden tutulan Hasyl toýunda gutlag sözleri ýürekden, joşgunly ýaňlandy. Belent owazly aýdymlarda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň, Arkadag Prezidentimiziň waspy dabaralandy.
Hasyl toýy hemmelerde ýakymly täsir galdyrdy. Bu baýramçylyk dabarasy türkmen halkynyň rysgal--berekediniň, oba hojalykçylaryň keremli topraga bolan söýgüsiniň we yhlasynyň dabaralanmasy bolup, zähmet adamlaryny täze hasyl ugrundaky öndürijilikli işlere, üstünliklere sary ruhlandyrdy.

Sähet HOJAGELDIÝEW.
“Maru — şahu jahan”.
Suratda: Hasyl toýy dabarasyndan pursat.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.