Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Oba hojalygy: täze hasylyň aladasy

02.02.2021

Hormatly Prezidentimiziň obasenagat toplumyny çalt depginlerde ösdürmek, daýhany ýerden alýan bereketli hasylyna görä barha gurplandyrmak hakyndaky görkezmelerinden ugur alyp işleýän oba hojalykçylar ýeriň hasyllylygyny artdyrmak üçin tutanýerli zähmet çekýärler. Tejribeli ekerançy Hakmyrat Halmyradow hem indi köp ýyllardan bäri Baýramaly etrabynyň “Merw” daýhan birleşiginiň çägindäki alty gektar ýerden bugdaýyň we pagtanyň bol hasylyny alyp gelýär. Ýeriň eçilýän rysgal-döwleti maşgalanyň ähli agzalarynyň ruhuny belende göterýär. Şonuň üçinem topraga zähmet derini siňdirmeli bolanda halypanyň aýaly Amangözel Halmyradowa, ogullary Şamyrat, Baýmyrat, gelni Ogulnyýaz uly höwes bilen işleýärler. Olar agzybirlikde zähmet çekip, ýeriň talabalaýyk bolmagyny gazanýarlar. Topragyň endiganlygy, onuň dürli dökünler bilen yzygiderli gurplandyrylmagy, tehnikanyň hyzmatynyň dowamly ýola goýulmagy ýeriň göwün diýen hasyly eçilmegine mümkinçilik döretdi.
— Biz geçen ýyl her gektardan 50 sentnere golaý “ak altyn” alyp, döwlete tabşyrdyk. Ondan hojalygyma giren sap girdeji göwnümizi göterdi. Ýerimizi iki ýyldan ekin dolanyşygynda saklaýarys. “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan ýylda hem gowaçanyň “Ýolöten-7” görnüşini ekmek üçin ýerimizde taýýarlyk işlerini ýerine ýetirýäris. Maşgalamyza bereket eçilýän ýerimiz oglum Baýmyradyň adyna, elbetde, päk zähmet adamy bagta ýetirýär. Biz munuň şeýledigine çekýän päk zähmetimiz arkaly doly göz ýetirip gelýäris — diýip, Hakmyrat aga hoşallyk bilen gürrüň berýär. Onuň özi hem-de maşgala agzalary hormatly Prezidentimiziň adyna egsilmez alkyş sözlerini aýdýarlar.

Öwezmyrat POLLYÝEW.
SURATDA: bagtyýar maşgala agzalary bereketli ýerlerinde. Surata düşüren Azym ŞEKEROW.