Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

“Ak altyn” — 2021

19.11.2021

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimlerinden ýurdumyzyň daýhanlarynyň pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri baradaky dabaraly hasabatlaryny kabul etdi.
Garaşşsyz Türkmenistan döwletimiziň 30 ýyllyk şanly senesiniň dabaraly bellenilen ýylynda pagtaçy kärendeçileriň, ussat mehanizatorlaryň erjel tagallasy bilen “ak altynyň” 1 million 250 müň tonnadan gowragy Watan harmanyna tabşyryldy. Şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetiren daýhanlar hasyly iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak üçin tutanýerli zähmet çekýärler.
Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň Hasyl toýuna mynasyp sowgatly barmagy maksat edinýän, welaýatymyzyň edermen pagtaçylary 365 müň tonnadan gowrak “ak altyny” Watan harmanyna tabşyryp şertnamalaýyn borçnamalaryna abraý bilen hötde geldiler. Bu ählihalk zähmet ýeňşinde kärendeçileriň, telekeçileriň, ýer eýeleriniň, mehanizatorlaryň, obasenagat toplumynyň ussat hünärmenleriniň hem uly paýy bar. Murgap jülgesiniň zähmetsöýer pagtaçylarynyň “ak altyn” taýýarlamak baradaky meýilnamasynyň ýerine ýetirilmegine öz mynasyp goşantlaryny goşanlaryň arasynda Garagum, Tagtabazar, Türkmengala, Baýramaly, Wekilbazar etraplaryny öňdäkileriň hatarynda agzamak has-da ýakymly. Aýry-aýry daýhan birleşikleriniň, daýhan hojalyklarynyň janypkeş pagtaçylarynyň görkezen netijeleri has hem tapawutly boldy. Pagta ýygymy möwsüminde özara guralan zähmet bäsleşikleri öz oňyn netijesini berip, tapawutlanyp işlemäge ýardam berdi. Her gektaryň hasyllylygyny 35-40 sentnerden geçirip, pagta taýýarlaýan kärendeçileriň sany bolsa ýyl geçdigiçe artmak bilen.
Ekin bilen iş salyşýan daýhanlaryň suw, ýokary hilli tohum, dökün, oba hojalyk tehnikalaryna bolan islegi doly kanagatlandyrylýar. Pagtanyň satyn alyş nyrhynyň ýokarlandyrylmagy, tohum, tehniki hyzmatlar, mineral dökünler, himiýa serişdeleri üçin edilýän çykdajylarynyň ýeňillikli bahalardan berilmegi, döwlete tabşyrylan pagta hasyly üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi önüm öndürijiliginiň artmagyna itergi berdi.
Ýetişdirilen hasyly çalt we isripsiz ýygnamak wezipesi jogapkärli talaplary öňe sürýär. Bu talaplaryň düýp özeni ýylýüzi çekilen zähmetiň netijesiniň zaýasyz ýygnalmagydyr.
Welaýatymyzyň edermen pagtaçylary pagtanyň ýekeje hanasyny yrýa etmän ýygnamak işlerini erjel dowam etdirýärler. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda-da obasenagat toplumyndaky oňyn ösüş-özgertmeler iş ýüzünde ýerine ýetirilip, beýik ýeňişlere badalga berildi.
Hormatly Prezidentimiziň berýän hemaýatlaryndan ruhlanyp zähmet çekýän welaýatymyzyň pagtaçylary Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman, tutýan tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýärler.
Harmanyňyza bereket, zähmetsöýer, gaýratly pagtaçylar!

Sähet HOJAGELDIÝEW.
“Maru — şahu jahan”.