Hasyl toýuna
19.11.2021
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda asylly işler durmuşa geçirilýär we ýurdumyzyň her bir güni toý-dabaralara beslenýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde sahawat baýramy — Hasyl toýy giňden bellenilýär. Halkymyzyň durmuşynda bu toý çuň many-mazmuna eýedir. Çünki, bu baýramçylyk halkymyzyň yhlasly çeken zähmetinden gazanýan baýlyklaryna, bereketli türkmen topragyndan öndüren bol hasylyna bolan buýsanjynyň aýdyň beýany, ene topraga söýgi-yhlasynyň dabaralanmasydyr.
Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden, halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryndan we milli däp-dessurlaryndan alyp gaýdýan Hasyl toýy il agzybirliginiň, halkymyzyň zähmetsöýerliginiň baýramydyr. Hasyl toýy diýlende ilki bilen edermen babadaýhanlarymyzyň maňlaý derini döküp, irginsizlik bilen yhlasly çeken zähmetleriniň miweleri göz öňüňe gelýär. Çünki, daýhanlarymyzyň çekýän halal zähmetinden sahawatly türkmen topragyndan ekinleriň, ir-iýmişleriň bol hasyly ösdürilip ýetişdirilip, ýurdumyzda azyk bolçulygy üpjün edilýär.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il bähbitli işleri netijesinde ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy ýokary ösüşlere eýe bolýar. Daýhanlarymyz Arkadag Prezidentimize alkyşlar aýdyp, ene topraga yhlas siňdirýärler, bol hasyl öndürmäge we belent sepgitlere ýetmäge, tutanýerli zähmetiniň netijesini görmäge has-da höweslenýärler.
Ene topragyň eýeleriniň ýylboýy çekýän zähmetiniň netijesinde öndürilýän bugdaýdyr “ak altyn” hasyly halal saçaklarymyzyň rysgal-berekedidir, barha galkynýan we kuwwatlanýan döwletimiziň abadançylygynyň, berkararlygynyň, azyk garaşsyzlygynyň kepilidir. Ata-babalarymyzyň asyrlarboýy sünnäläp, sungat derejesine ýetiren daýhançylyk kärini häzirkizaman ylmynyň gazananlary bilen baýlaşdyrmakda, dünýäniň ýokary öndürijilikli kämil tehnikalaryna başarnykly erk edip, öndürijilikli zähmet çekmekde, gujur-gaýratyny siňdirip, bol hasyl ýetişdirmekde nusgalyk iş bitirýän başarjaň gallaçy, pagtaçy kärendeçilerimiz, edermen mehanizatorlarymyz bereketli türkmen topragyndan altyn öndürýärler.
Uludan tutulýan Hasyl toýumyz hem obasenagat toplumynyň ösüşleriniň, ýerden altyn öndürýän babadaýhanlarymyzyň, azyk bolçulygymyzyň, parahat, bolelin durmuşymyzyň toýy. Ähli ugurlar boýunça ösüşleriň täze belentliklerine çykýan, ajaýyp zamanamyzda edermen babadaýhanlarymyzyň zähmet ýeňişleriniň şanyna tutulýan Hasyl toýy halkymyzda buýsançly baýram hökmünde ýakymly duýgy döredýär, göwnümizi galkyndyrýar.
Hasyl toýunda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ene topragymyzyň sahawatyny we zähmetkeş halkymyzyň zähmetini, ata Watanymyzyň rowaçlygyny aýdyň görkezýän bereketli saçaklar giňden ýazylýar. Goý, eziz Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň saýasynda şeýle toýlarymyz köp bolsun!
Güljan SAPAROWA.
“Maru — şahu jahan”.